Sepleriň elýeterliligi

Nobel baýragyny alan musulmanlar: 112 ýylda jemi 11 adam


Nobel baýragynyň Stokgolmdäki merkezi

Nobel baýragynyň Stokgolmdäki merkezi

Musulmanlar dünýä ilatynyň takmynan dörtden bir bölegini emele getirýärler. Emma Nobel baýragy berilmäge başlanan wagty bolan 1901-nji ýyldan bäri olaryň arasyndan bary-ýogy 11 adam bu belent Halkara baýragyna mynasyp bolupdyr.

Olaryň altysy Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyny alanlardyr. Iki sanysy Edebiýat boýunça Nobel baýragyny alýarlar. Ylym bilen baglanyşykly Nobel baýraklaryndan bolsa şu wagta çenli diňe iki ugurdan, ýagny fizikadan we himiýadan musulmanlar şeýle baýraga mynasyp görlüpdirler. Saglygy saklaýyş we ykdysadyýet boýunça henize çenli Nobel baýragyny alan musulman ýok.

Abdus Salam - pakistanly fizik. Ol Nobel baýragyny alan ilkinji musulman alymdyr. "Elementar bölejikleriň arasynda gowşak we elektromagnit arabaglanyşygyna degişli garaýşyň döredilmegine goşan goşantlary üçin" ol 1979-njy ýylda amerikan alymlary Şeldon Li Glaşow we Stewen Weýnberg bilen bilelikde fizika boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolýar. .

Ahmed Zewal - müsürli amerikan alymy. 1999-njy ýylda himiýa boýunça Nobel baýragyny alýar. Bu baýrak oňa "Femtosaniýe tehnikasyndan peýdalanmaklyk bilen amala aşyrylan himiki reaksiýalar mahalynda olaryň geçiş ýagdaýyny öwrenenligi üçin” berlýär.

Anwar Al-Sadat - Müsüriň prezidenti. 1978-nji ýylda Ysraýylyň premýer-ministri Begin bilen bilelikde Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna hödürlenýär we Ysraýyl bilen Müsüriň arasynda baglaşylan özara parahatçylyk ylalaşygy üçin bu baýraga mynasyp bolýar.

Ýasser Arafat - Palestinanyň baştutany. "Ýakyn Gündogardaky parahatçylyk tagallalary üçin" ol 1994-nji ýylda iki sany Ysraýyl syýasatçysy - Şimon Peres we Ishak Rabin bilen bilelikde Nobel Parahatçylyk baýragyna mynasyp görülýär.

Şirin Ebadi - eýranly hukuk goraýjy. Eýranda adam hukuklary ugrunda, esasanam aýal-gyzlaryň we çagalaryň hak-hukuklary ugrundaky göreşi üçin oňa 2003-nji ýylda Parahatçylyk ugrundan Nobel baýragy berilýär.

Muhammet Al Baradeý - Halkara atom energiýasy gullugynyň ýolbaşçysy "Atom energiýasynyň diňe parahatçylyk maksady bilen ulanylmagy babatda eden tagallalary üçin" 2005-nji ýylda Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolýar. Onuň asly Müsürlidir.

Muhammet Ýunus - bangladeşli ykdysadyýetçi. Garyplar üçin elýeterli kredit ulgamyny döredendikleri üçin 2006-njy ýylda oňa Grameen Banka bilen bilelikde Parahatçylyk boýunça Nobel baýragy berilýär.

Tawalkel Karman - ýemenli adam hukuklaryny goraýjy. Ol 2011-nji ýylda liberiýaly Ellen Jonson Sirläf we Leýma Gowi bilen bilelikde aýal-gyzlaryň hukuklary ugrundaky alyp barýan göreşi üçin Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolýar.

Nagib Mahfuz müsür ýazyjysy. Ol 1988-nji ýylda Edebiýat boýunça Nobel baýragyny alýar.

Orhan Pamuk - türk ýazyjysy. Ol 2006-njy ýylda Edebiýat boýunça Nobel baýragyny mynasyp bolýar.

Malala Ýusufzaýi – aýal-gyzlaryň bilim mükinçilikleri ugrunda çykyş edýän pakistanly ýetginjek. Onuň alyp barýan işleri sebäpli, “Talyban” söweşijileri Malalanyň kellesinden we boýnundan atypdylar. Malala 2014-nji ýylda Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna mynasyp boldy.

XS
SM
MD
LG