Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gowaça hem golf


Golf meýdançasy
Golf meýdançasy

Ýewropa ýer böleginiň günorta guşaklykdaky iň çet ýurt Portugalyýa. Portugal döwleti Pireneý ýarym adasynda, Günbatar bölegi eýeläp otyr. Ara daşlygyna garamazdan, bu ýurduň Türkmenistan bilen ençeme meňzeşligi bar.

Tebigaty

Halky Türkmenistanyň ilatyndan iki esse köp bolan bu döwletiň esasy ykdysadyýeti oba hojalygyna daýanýar. Ýarym çöllükde oturan Portugal topragy biziň gurak sähramyza, aýratyn-da adyrsow ýerlere çalymdaş. Olarda-da edil bizdäki ýaly pes daglar bar hem bölek-bölek çöllükleri görüp bolýar.

Gurak bolany üçin, bu toprakda gün köp. Olaryň gowy gawunlary bar. Dürli-dümen gök önümleri, zeýtundyr badamdan başlap, şetdalydyr armyda çenli, örän tagamly miweleri bar.

Türkmensähraly türkmenler apelsine pyrtykal diýýändirler. Bu ýöne ýere däl. Olarda apelsiniň birnäçe görnüşi bolup, bir görnüşinden diňe şerbet alynsa, beýleki biri iýilýär, üçünji görnüşi salat üçin ulanylýar.

Ol ýerde şaly ösýär hem pagta ýetişýär. Ýöne gowaça meýdanlary Türkmenistandaky ýaly giň däl. Olar million, hatda ýüz müň tonna-da pagta öndürmeýär. Örän az. Şonuň üçin pagta ýygymy döwründe mekdepler ýapylmaýar, edara adamlaryny pagta sürmeýärler. Bu ýerde pagtadan geljek bähbidi golf meýdanlary ödeýär.

Golf meýdanlary

Golf meýdançalary haýran galdyryjy. Ýogsam ony Günbataryň ähli ýurdunda görüp bolýar. Ýurduň altyn önýän topragyny, Günbatardaky kenar ýaka ýerleri golf meýdançalary tutýar. Bu ýerde "Golf" diýip, ýörite dükanlar bar. Köçeleriň atlary, ýollar golfa degişli sözler bilen atlandyrylýar.

Golf meýdançalaryny esasan daşardan gelýänler eýeleýärler. Golfy çagadan başlap, ýöremäge gurby çatýan garrylara çenli ähli ýaşdakylar, aýal-erkek bary oýnap bilýär. Ýöne bu aşa gymmat oýun. Puluň jübiňden dökülip durmasa, golfyň taýagyny elläsiň gelenok.

Ygalsyz, yssy Portugal topragy häzirki döwürde golfyň Jenneti saýylýar. Sebäbi bu toprakda golfy ýylyň 300 gününde oýnap bolar ekeni.

Gowaça meýdanlary

Şeýle yssy hem gurak günler Türkmenistanda-da ýeterlik. Eger Portugaliýanyň bir çetini Atlantik okeany tutýan bolsa, Türkmenistanyň Günbatarynda Hazar deňzi çaýkanyp ýatyr. Deňiz suwy okeandan has ýyly hem düşmek üçin amatly.
Türkmenistanda ygal az bolansoň, golfy näçe isleseň oýnabermeli. Arman, golf meýdançalary ýok. Sebäbi gök çöp gögeräýjek ýerleriň barysyny gowaça eýeleýär. Ol köp ekildigiçe-de, daşardan gelýänlere hem daşara gitjeklere gadagançylyk artýar.

Portugaliýada bolsa bar adam golf meýdançalarynyň aladasynda. Ýaşyl meýdança-ha däl, onuň töweregindäki her düýp agajy, her düýp ösümligi aýratynlykda suwarýarlar.

Meýdançany suw pürküji turbajyklar bilen howa salkyn aralaşanda hem gijelerine suwlaýarlar. Golf oýnamaýanlara şol meýdançalaryň gyrasyndaky ýodadan geçmäge-de rugsat edilmeýär.

Golf olarda pagtadanam, şalydanam, bag-bakjadanam köp peýda getirýär.
Türkmenistanda ýedi-sekiz aý azap edip, pagta hasyly ýetişdirilýär. Soňra pagtany übyük-übtük ýygnap, harman etmeli, ony ýaňadan işlemeli, dokamaly. Netijede, pagtanyň puly gaty giç gelýär.

Golf meýdançasyna bir adam aýagyny bassa, şo bada hem girdeji berýär.

Soltan ekin

Gowaça bizde ekinleriň soltany saýyldy. Onuň ösdürilip ýetişdirilişi barada kitaplar ýazyldy hem aýdymlar düzüldi. Türkmenistanda ol bugdaýdanam möhümräk gadyr-gymmatly boldy.

Soltanlyk derejesinden peýdalanyp, gowaça bar ekiniň depesine çykdy. Şindizem şol soltanlygyny elden bermän gelýär.

Ýekemenligiň, goý, ol syýasatda bolsun ýa-da ekerançylykda, durmuşy gülletmejegini, gaýtam ony çüýredýändigini geçmiş görkezdi.

Diktaturanyň yzlary Portugal topragynda-da görnüp dur. Ýöne olar golf meýdançalaryny açyp, topragyň şekilini özgerdýärler hem töwerekden şol garalygy az-azdan aýyrýarlar.

Dem-dynç almaga, gezelenç etmäge şert döräp başlaly bäri, olar durmuş şertleriniň özgerýändigini aýdýarlar.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy. Bu ýerde aýdylanlar awtoryň şahsy pikiri.

XS
SM
MD
LG