Sepleriň elýeterliligi

Aýralyk we Watan meselesi


Aşgabatdaky Ylham parky

Aşgabatdaky Ylham parky

Halk arasynda ýedi ýylyň aýraçylygy diýen düşünje bar. Aslynda 7-lik keramatly sanlardan biri saýylýar.

7 san

7-lik san bilen baglanyşykly aýdylýan pikirler örän köp. 1976-njy ýylda çap bolan “Türkmen diliniň frazeologiki sözlüginiň” 175-176-njy sahypalarynda ýedilige degişli 14 mysal getirilýär.

Klassyky edebiýatymyzda hem 7-lik köp gezek agzalýar. Özem beýlekilere garanda, 7-lik bilen gelýän düşünjeleriň ençemesinde takyk görkejizi ýa-da alamat bar. Meselem, arap alymlary älemi 7 guşaklyga bölüpdirler. Ýedi gat Ýer we ýedi gat asman diýipdirler. Şeýle hem olar ýedi yklymyň, ýagny klimat – atmosferanyň gatlagy bar hasap edipdirler.

Ýedi güni hem takyk jemleýji san diýip alyp bolar. Adamzat ýedi güni bir hepde diýip atlandyrýar. Olar 7 günde bir bütewiligi görüpdirler.

Käte ýedilikler takyk sana hem daýanyp duranok. Meselem, mukaddes Zeburdaky Süleýman pygamberiň nakyllarynda “Hakykatyň ýedi sütüni”, “Hikmetiň ýedi sütüni”, “Öýüň ýedi sütüni” ýaly düşünjeler bar. Ol ýediligiň nireden alnandygy barada dürli pikirler dowam edýär.

Aýraçylyk möhleti

Dessanlarda hem halk arasynda ýaşap gelen düşünjä görä, aýraçylygyň soňky möhleti ýedi ýyl bolarmyş.

Meselem, Tahyr Zöhreden ýedi ýyllap aýrylyşýar. Tahyr ýedi ýylyň aýraçylygyndan geleninde, öz Zöhresine şeýle ýüzlenýär:

"Ýedi ýyl çekdim pyrkatyň,
Zöhre janym, oýanmazmyň?"

Bu mesele “Şasenem-Garyp” dessanynda has dartgynly bolup, Garyp ýedi ýylyň aýraçylygyndan, iň soňky möhletde, soňky gijede Şasenem gyzyň ýanyna gelýär.

Şasenemiň ýoluna çykanynda, özüne meýil bildiren gyza garap, Garyp şeýle diýipdi:

"Ýedi ýyldyr, ýola garap aglagan,
Saňa köňül bersem, onda ýar aglar.
"

Şeýle ýagdaý nazara alnyp, halk arasynda: “Çyn aşyklar ýedi ýylda gowuşar” diýen örän ýörgünli düşünje peýda bolupdyr. Kim çyn aşyk bolsa, ýedi ýylda öz magşugyna gowuşýarmyş.

Uzak döwür hem täsir

Näme üçindir, aýraçylygyň möhletini ýedi ýylda jemleýärler. Sebäbi “Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdundan aýrylan – ölýänçä” diýen nakyl bar. Ýaryndan aýrylanyň ýedi ýyl geçenden soňra köşeşmegi mümkin. Biz klassyky edebiýata seretsek, hakykatdanam olardaky aşyklar ýedi ýylyň dowamynda, iň bolmanda şol möhletiň soňky gününde, hatda soňky gijesinde, ýedi ýylyň dolmagyna sähelçe wagt galanda, biri-birine gowuşýarlar.

Eýsem bu kanunmy? Ýok, kanun däl, belki, möhüm şert bolsa gerek. Eger ýaryndan aýrylan ýedi ýylyň dowamynda hökmany suratda öz ýaryna gowuşmasa, ol özgerýän, başga adama öwrülýän bolsa gerek. Başgaça aýdylanda, ýedi ýyl geçenden soň, ol öňküligini ýitirýär, özgerýär hem başga adama öwrülýär diýmek mümkin.

Bu aýylganç hakykat köp gezek synagdan geçen bolmaly. Diýmek, adam öz ýary üçin ýedi ýylyň dowamynda aglaýar, Watan üçin bolsa ölýänçä.

Watan meselesi

Gynasak-da, uzak döwrüň dowamynda Watandan aýralyk meselesi-de durguşýar. Elbetde, Watanyny hiç kim hiç wagt ýadyndan çykarmaz. Nakylda aýdylyşy ýaly, bu tä ölýänçäň däl, öleniňden soň hem ol arzuw-hyýaly nesiller dowam etdirýär.

Owganystandan bolan türkmenler bilen gürleşip görüň. Olaryň her biri öz ata-babasynyň gadymky mekanyny, bir mahalky göçüp giden topragyny hormat bilen ýatlaýar.

Bu ýagdaý, aýratyn-da, Amerika Ýer böleginde güýçli. Ol ýerde ýaşaýanlar: “meniň garry atam pylan ýurtdan gelipdir, garry enem bolsa pylan ýurtdan” diýip, geçen ýüzýyllyklaryň gürrüňini edýärler.

Şeýle-de bolsa, garry mekana dolanýan az. Biz ýene Owganystandan bolan ildeşlerimizi ýatlasak, ol ýerde örän galagoply hem dartgynly durmuşyň dowam edýändigine garamazdan, ata Watana göçüp gaýdýan ýa-da göçmek isleýän örän az.

Bu Eýranda we beýleki ýurtlarda ýaşaýan ildeşlerimize-de degişli. Megerem, uzak wagt, ýyllaryň täsiri, ýerli däp-dessurlar adamy şol ýere örkleýän bolarly.

Watan hakda gürrüň

Ildeşiň bilen Watany ýatlamak nähili ýakymly. Mundan hoş, mundan täsirli söz ýok. O gürrüňe başlaňsoň, saklanmak mümkin däl.

Daşary ýurtdakylar ene dilinde gepleşýärler, öz topragyny çakdan aşa söýýärler. Gürrüňiň täsirinden, olar Watandan düýn aýrylyşan ýaly. Her kimde öz topragynyň iýr-iýmişine, däp-dessuryna buýsanç bar. Ýöne aradan wagt geçeni bildirýär. Ata mekan olar üçin bir wagt bolan ýaly, ýatlamalaryň bary geçmişe öwrülen ýaly. Ondan: “Yzyňa dolanmak niýetiň ýokmy?” diýip soramakdan çekinýärsiň. Sebäbi ol saňa-da şol soragy berýär.

Ýedi ýylyň aýraçylygy diýen ýowuz kanun ýadyňa düşýär. Aradan ýedi ýyl geçen bolsa, adam öz ýaryna-ha däl, Watanyna-da dolanyp bilmeýär. Ata Watanda bolsa ogul-gyz ýetmezçilik edýär.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy. Bu ýerde aýdylanlar awtoryň şahsy pikiri.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG