Sepleriň elýeterliligi

Ýerewanda müňlerçe adam proteste çykdy


Demonstrasiýaçylar prezident Serž Sarkisýanyň hökümetiniň iş başyndan çekilmegini talap etdiler.

Demonstrasiýaçylar prezident Serž Sarkisýanyň hökümetiniň iş başyndan çekilmegini talap etdiler.

Ermenistanyň paýtagtynda müňlerçe adam hökümete garşy protest bildirmek üçin köçelere çykdy.

Ýerewandaky demonstrasiýaçylar 10-njy oktýabrda prezident Serž Sarkisýanyň hökümetiniň iş başyndan çekilmegini talap etdiler.

Habarlara görä, protestçiler hökümeti ýurduň ykdysadyýetiniň haýal ösmeginde we dowam edýän korrupsiýada aýyplaýarlar.

Şeýle-de olar Sarkisýanyň ýurdy Ýewropa Bileleşiginden daşlaşdyryp, Orsýetiň ýolbaşçylygyndaky ykdysady bileleşige goşulmak kararyna gahar edýärler.

Sarkisýan Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine goşulmak baradaky şertnama 10-njy okýatýabr güni irden, Minsk şäherinde gol çekdi.

AP habar gullugynyň maglumatyna görä, protestçiler konstitusiýa girizilmegi teklip edilýän üýtgetmä hem garşy durýarlar. Bu teklip Sarkisýan tarapyndan goldanylýar we hökümetiň baş resmisini premýer-ministr etmegi öňe sürýär.

Opponentleri Sarkisýanyň bu üýtgetmäni 2018-nji ýylda ikinji möhlet prezidentligi tamam bolandan soň wezipede galmak, ýagny premýer-ministr bolmak üçin öňe sürýändigini güman edýärler.

Ýerewanyň merkezi Azatlyk meýdançasyndaky protest ýurduň esasy üç oppozision partiýasy - «Gülläp ösýän Ermenistan», «Miras», Ermenistanyň Milli kongresi tarapyndan gurnaldy.

Ozalky prezident, Ermenistanyň Milli kongresi partiýasynyň lideri Lewon Ter-Petrosýan 10 müň bilen 14 müň aralygyndaky mähellä ýüzlenip, çykyş etdi.

Ol «biziň öz jenaýatçylykly we korrumpirlenen hökümetimizden dynmagymyzyň wagty geldi» diýdi.

"Biziň häkimiýetlerimiziň Ermenistandaky ýaşaýyş standartalaryny ýokarlandyrmaga wagty ýeterlik boldy, emma olar şu wagta çenli muny başarmadylar» diýip, 34 ýaşyndaky protestçi Anna Saroýan AFP habar gullugyna aýtdy. «Indi olar gitmeli» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

«Miras» partiýasynyň lideri Raffi Owannisýan Sarkisýany, Belarusyň paýtagtynda bolan GDA sammitiniň gapdalynda Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine goşulmak baradaky şertnama gol çekmek bilen, «adamlaryň islegini görmezlige salmakda» aýyplady.

3 million çemesi ilatly kawkaz döwleti indi, gol çekilen şertnama 2015-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda güýje girende, Orsýet, Belarus, Gazagystan tarapyndan döredilen ykdysady bileleşige goşulmaly.

Bu proekt Orsýetiň, Belarusyň we Gazagystanyň arasynda dowam edýän Gümrük bileleşiginiň esasynda gurulýar.

Daşy gury ýer bilen gurşalan Ermenistan Orsýet bilen gatnaşyklara köp derejede garaşly we geçen ýyl Ýewropa Bileleşigi bilen has ýakyn söwda we diplomatiki gatnaşyk gurmak baradaky şertnama gol çekmekden ýüz öwürdi.

XS
SM
MD
LG