Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat "çylşyrymly wakalara göz ýummaýar"


Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow GDA-nyň sammitine gatnaşdy. Minsk, 10-njy oktýabr, 2014 ý.
Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow GDA-nyň sammitine gatnaşdy. Minsk, 10-njy oktýabr, 2014 ý.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Belarusyň paýtagty Minsk şäherinde GDA-nyň sammitine gatnaşdy.

Türkmen telewideniýesiniň habar bermegine görä, prezident Berdimuhamedow sammitde eden çykyşynyň başynda «Biz birnäçe sebitlerde, şol sanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň giňişliginde-de häzirki wagtda ýüze çykýan çylşyrymly wakalara göz ýumup bilmeris» diýipdir.

«Olara seljerme bermek, biziň ýurtlarymyz tarapyndan toplanan tejribä, birek-birege hormat goýmaga esaslanýan hyzmatdaşlyk gepleşikleri arkaly ähli çylşyrymly meseleleri çözmegiň däplerine daýanmak bilen, oýlanyşykly hem-de jogapkärçilikli çemeleşmeleri talap edýär» diýip, prezident sözüniň dowamynda aýtdy.

Şeýle-de prezident Berdimuhamedow «garaşsyz döwletleriň işiniň oňyn ugruny saklap galmagyň wajypdygyny» belläpdir.

Türkmen lideri bu işiň «deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri we oňa gatnaşyjylaryň ählisiniň hoşmeýilli erk-islegi esasynda guralýandygyny» hem sözüne goşupdyr.

Şeýle-de, prezident Berdimuhamedowyň tassyklamagyna görä, «Türkmenistan GDA-nyň kuwwatynyň sebit howpsuzlygynyň deňagramlylygyny saklamak, gapma-garşylyklara ýol bermezlik, olary çözmegiň ýeke-täk kabul ederlikli serişdesi hökmünde gepleşikler gurallaryny berkarar etmek üçin ulanylyp biljekdigine we şeýle bolmalydygyna ynanýar».

Şunuň bilen baglylykda, türkmen lideriniň GDA-nyň Minsk şäherindäki sammitinde nygtmagyna görä, «Türkmenistan howpsuzlyk meseleleri boýunça syýasy geňeşmeleriň ulgamlaýyn we täsirli gurallaryny döretmegiň zerurdygyndan ugur alýar».

Türkmen telewideniýesi sammitde başga kararlar bilen bir hatarda «howpsuzlyk ulgamynda neşe serişdelerine gözegçilik etmegiň halkara ulgamyny saklamakda we pugtalandyrmakda, bikanun migrasiýa we adam söwdasyna garşy durmakda, arkalaşygyň giňişliginde ylalaşykly serhet syýasatyny amala aşyrmakda hyzmatdaşlygy kadalaşdyrýan dokumentleriň kabul edilendigini habar berýär.

XS
SM
MD
LG