Sepleriň elýeterliligi

"Balkanda ýaşaýyş jaýy gyt"


Çelekende gurlan jaýlaryň biri.

Çelekende gurlan jaýlaryň biri.

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow 7-nji oktýabrda Balkan welaýatynda täze gurlan birnäçe obýektiň dabaraly açylyşyna gatnaşdy.

TDH-nyň ýazmagyna görä, Balkanabat şäherinde ýedi gatly kitaphana, köp ugruly bazar gurlup, ulanylmaga berildi.

Mundanam başga, Jebelde Mollagaranyň dermanlyk palçygyny gaplaýan zawod, Bereketde ýod öndürýän zawod açyldy.

Türkmen metbugaty bu obýektleriň umumy bahasynyň 90 million amerikan dollaryna barabardygyny ýazýar.

Şol bir wagtda Balkan welaýatynda ýaşaýyş jaýlarynyň ýiti ýetmezçilik edýändigi, bu ýere başga welaýatlardan işlemäge barýan migrant işçileriň kireýine hem jaý tapyp bilmeýändigi barada maglumatlar bar.

Azatlyk radiosy bu mesele barada ýerli synçy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG