Sepleriň elýeterliligi

Lukaşenko Ýewraziýa kanunyna gol çekdi


Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigini döretmek baradaky şertnamany tassyklaýan kanuna gol çekdi.

Biraz öň bu şertnama ýurduň parlamentiniň iki palatasynda hem sese goýlupdy. Lukaşenko 10-njy oktýabrda Minsk şäherinde öňki sowet döwletleriniň 11-sini özünde jemleýän GDA-nyň sammitine beýemçilik etdi.

Bu sammite post-sowet döwletleriň onusynyň prezidentleri, Ukrainanyň bolsa Belarusdaky ilçisi gatnaşdy.

Rus mediasy Lukaşenkonyň rus we gazak kärdeşleri bilen Minskde aýratynlykda duşuşjagyny ýazýar.

XS
SM
MD
LG