Sepleriň elýeterliligi

Malala Nobeli 'sessizlere' bagyşlaýar


Nobel baýragynyň ýeňijisi Malala Ýusufzaý öz baýragyny «sessizlere» bagyşlady we bäsdeş ýurtlar Pakistan bilen Hindistanyň liderlerini 1-nji dekabrda Osloda boljak baýrak beriş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy.

Malala 10-njy oktýabrda Angliýanyň Birmingam şäherinde çykyş edip, özüniň bu baýragy alan ilkinji pakistanly we iň ýaş adam bolandygyna buýsanýandygyny aýtdy.

17 ýaşly Malala bu baýraga 60 ýaşyndaky hindi çagalar hukukçysy Kaliaş Satýarti bilen bilelikde mynasyp boldy.

XS
SM
MD
LG