Sepleriň elýeterliligi

Kürt söweşijileri YD-ny serpikdirdi


Aktiwistler kürt söweşijileriniň 11-nji oktýabr güni irden «Yslam döwleti» toparynyň jeňçileriniň Siriýanyň Kobani şäheriniň merkezine aralaşmagynyň öňüni alandygyny aýdýarlar.

Britaniýada ýerleşýän Adam hukuklary obserwatoriýasy YD hüjümleriniň Kobaniniň kürt goragçylary tarapyndan agyr atyşyk bilen garşy alnyp, 90 minutda yzyna serpikdirilendigini aýtdy.

ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky uruş uçarlary hem 11-nji oktýabr güni irden Kobaniniň günortasyndaky we gündogaryndaky nyşanalara zarba urdy.

Bu topar 10-njy oktýabrda jeňçileriň Kobaniniň azyndan 40 prosentini ele geçirendigini aýdypdy.

BMG-niň ilçisi Staffan de Mistura Ženewada, eger Kobani jeňçileriň eline geçse, ol ýerde galan adamlaryň gyrylmagynyň ahmaldygyny duýdurdy.

XS
SM
MD
LG