Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ministrlik "Memorialy" ýapmagy soraýar


Orsýetiň Adalat ministrligi ýurduň Ýokary suduna garaşsyz hukuk topary bolan «Memorialy» ýapmak haýyşy bilen ýüzlendi.

Bu topary ýapmak baradaky sud diňlenişigi, Ýokary suduň websaýtynda aýdylmagana görä, 13-nji noýabrda geçirilmeli.

Bu şikaýat arzasy ministrlik tarapyndan 24-nji sentýabrda berlip, şol günüň ertesi hem kabul edildi diýip, RIA Nowosti we Interfaks habar gulluklary 10-njy oktýabrda ýazdy.

Rus prokurorlary biraz öň «Memorialy» Orsýetiň täze kanuny esasynda, «daşary ýurt agenti» hökmünde resmi hasaba aldyrjak boldular. Emma Moskwa sudy bu talaby ret etdi.

«Memorial» 1980-nji ýyllaryň ahyrynda sowet döwrüniň dissidentleri tarapyndan döredilipdi.

XS
SM
MD
LG