Sepleriň elýeterliligi

Ataly-ogluň gürrüňi


Iraq -- generic, youth and love

Iraq -- generic, youth and love

Şwesiýada ýaşaýan şahyr Şiraly Nurmyradyň täze goşgusy

"Peder bize miras goýmuş bu derdi."
Magtymguly

"Ýer-ow, pälwan, gar ýagýa-la ýüzüňden,
Boş geldiňmi gapy-gapy aýlanyp?
Maşgalamyň gorküýzesin boşadyp,
Bu gün-erte toý tutjakdyň öýlenip!

Tumşugyňy göge tutup gideňde
Eneňe-ataňa sala saldyňmy??
Awçy özüň bolduň, sawçy-da özüň,
Gedemsiräp almytyňy aldyňmy?

Tapylmandyr seni giýew edinjek,
Ne bir haryt bolduň, ne bir müşderi.
Iýeniň-içeniň özüňki diýlen,
Gören-eşdeniňi bizem eşdeli."

"Ýarama duz bilen burç sepme, kaka,
Ýaşaýşa höwesim şonsuzam uçdy.
Ene-ata sawçy bolup ozallar
Köwüş tozdurypdyr. O döwür geçdi.

Akyllylar çykarýança eşigin,
Samsyklar derýadan geçip gidermiş.
"Peder bize miras goýan derdini"
Az-kem egismäge ýardam edermiş.

Men-ä ýer ýarylsa girmäge taýyn,
Senem gyjyt berýäň goldawa derek.
Bagt çüwende gülki, ýatanda -- agy
Ynan, wagty bilen diňmese gerek.

...Boş gaýdandyr öýtme giden ýerimden,
Başda, dogrudanam, oljam oňupdy.
Bagt guşy öwrülip ekdi laçyna,
Göni gelip, süýr depäme gonupdy.

Gara saçly molla nesip etmedi,
Sary saçly boldy maňa ýeteni.
…Oradym başyna seçekli ýaglyk,
Egninde-de lowlap duran keteni.

Kaka, indi bar zat ygtyýaryňda,
Isleseň "getir" diý, isleseň "ýitir".
Bir bukuja ýerde obaň mollasy
Nika gyýar ýaly täsirin ýetir".

Perde syrylýar. Nämüçindir, aňyrsyna bakyp oturan molla etjek hyzmatynyň nyrhyny yglan edýär:

"Teýinde ot ýanmasa,
Nahar hergiz bişenok.
Bujagaz aklygyňa
Düýpden nika düşenok.

…Hä, indi munyň bolýa,
Bagty geldi gyrnagyň.
Ýene oýlenjek bolsaň,
Bahalaşyp durmagyn.

Dini ýetik bu dünýäň,
Haýsy bolanda näme…
Huzuryna baramda
Jogap biýrin eýäme.

Häzirlikçe hoş onda,
Siz sag, menem salamat.
Indiki gaýnataňa
Bizden dogaý salam aýt!"

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG