Sepleriň elýeterliligi

Kreml esgerleri bazalaryna dolaýar


Kremliň sözçüsi Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň esgerleri Ukraina bilen serhetden çykarmak we Rostow sebitindäki hemişelik bazalaryna dolamak barada buýruk berendigini aýtdy.

Rus metbugaty Dmitriý Peskowa salgylanyp, 17600 rus esgeriniň «ukrain serhediniň golaýyndaky tomusky maşklar» diýilýänden hemişelik bazalaryna dolanyp geljegini habar berdi.

Bu beýanat 16-17-nji oktýabrda aziýa we ýewropa ýolbaşçylarynyň Milanda boljak duşuşygynyň öňüsyrasynda edildi. Bu duşuşyga Putiniň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

NATO Orsýeti gündogar Ukrainada söweşýän orsýetçi separatistlere goldaw üçin birnäçe ýüz bronly tehnikany we müňlerçe söweş esgerini ibermekde aýyplady.

Orsýet gündogar Ukrainada öz güýçleriniň bardygyny ret edýär.

XS
SM
MD
LG