Sepleriň elýeterliligi

Uçar heläkçiliginde 7 ofiser öldi


Eýrandan gowuşýan habarlarda uçar heläkçiliginde ýedi adamyň, şol sanda üç sany ýokary derejeli ofiseriň ölendigi aýdylýar.

Olar ýurduň günorta-gündogaryndaky howpsuzlyk güýçlerine jeňçileriň eden hüjümlerini derňemäge barýan eken.

Ýogalanlaryň arasynda milli polisiýanyň dört sany ofiseri bilen birlikde Eýranyň polisiýa inspeksiýasynyň başlygynyň orunbasary, iki sany polisiýa komandiri hem bar.

Olar Tährandan Zahedana, Sistan-Bulujystan welaýatynyň paýtagtyna baryp, 8-nji oktýabrda howpsuzlyk güýçlerine edilen we bäş adamy öldüren hüjümi derňemekçi eken.

Ýykylan uçaryň galyndylary 12-nji oktýabr güni irden daglyk ýerden tapyldy. Serhet polisiýasynyň komandiri ol uçaryň raketa ýa başga bir ýarag bilen urlup ýykylmandygyny aýtdy.

Sistan-Bulujystan welaýatynda sünni ekstremistleri we neşe gaçakçylary bilen ilteşiklilikde ýygy-ýygydan zorlukly hadysalar bolýar. Bu şaýylaryň agdyklyk edýän ýurdunda sünni musulmanlaryň köplük bolup ýaşaýan welaýatydyr.

XS
SM
MD
LG