Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awstraliýa: Putin G20 sammitine gatnaşar


Awstraliýa Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň gelýän aýda, Moskwanyň Ukrainadaky hereketleri baradaky aladalara garamazdan, 20-ler toparynyň Brisbende geçjek sammitine gatnaşjakdygyny tassyk etdi.

Moskwanyň ukrain konfliktindäki roly üçin Orsýete garşy girizilen halkara sanksiýalary sebäpli, Putiniň bu sammite gatnaşjagyna şübhe bildirilýärdi.

Awstraliýa hususan-da 17-nji iýulda, orsýetçi separatistleriň kontrolluk edýän ýeriniň asmanynda urlup ýykylan ýolagçy uçary sebäpli, Orsýeti berk tankyt edipdi.

Ýykylan uçaryň 298 pidasynyň arasynda onlarça awstraliýaly hem bardy. Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko hem özüniň indiki hepde Putin bilen duşuşjagyny aýtdy.

Ol bu duşuşygyň Milanda, 16-17-nji oktýabrda geçjek Ýewropa-Aziýa sammiti mahalynda boljagyny aýtdy.

Bu sammite german kansleri Angela Merkel, britan premýer-ministri Deýwid Kameron dagy hem gatnaşmagy planlaşdyrýar.

XS
SM
MD
LG