Sepleriň elýeterliligi

Bosniýalylar täze hökümet saýlaýar


Bosniýalylar 12-nji oktýabrda 1992-95-nji ýyllaryň Bosniýa-Herzegowina urşundan soň gurlan toplumlaýyn hökümet sistemasynyň 500-den gowrak wezipesine kandidatlary seçmek üçin ses berýär.

Saýlawçylar üç agzaly prezidentlik, milli parlament, Bosniýanyň iki guramasynyň ýolbaşçylary üçin ses bererler. Srpska respublikasynda bosniýa serpleri öz prezidentlerini we parlamentlerini saýlamak üçin ses berer.

Musulman-horwat federasiýasynda bolsa, saýlawçylar öz regional parlamentleriniň deputatlary, şeýle-de öz-özüni dolandyrýan 10 okrugyň parlamentleri üçin ses bererler.

Ol ýerde 65 partiýadan, 24 koalisiýadan we ýurduň iki awtonom okrugynyň garaşsyz sanawlaryndan 8 müňe golaý kandidat bar.

Bu saýlawlar fewral aýynda korrupsiýa we garyplyk, üstesine häkimiýetleriň maý aýynda gelen heläkçilikli sile garşy durşundan nägilelik esasynda turan zorlukly raýat gozgalaňyndan soň geçirilýär.

XS
SM
MD
LG