Sepleriň elýeterliligi

Balhda iki ofiser öldürildi


Owgan polisiýasy iki sany ýaragly adamyň polisiýa eşigini geýip, Balh welaýatynda bir polisiýa edarasyna zabt edendigini we iki ofiseri atyp öldürendigini aýdýar.

Welaýat paýtagty Mazari-Şerif şäheriniň polisiýa başlygynyň sözçüsi Şer Jan Durany 12-nji oktýabrda hüjümçileriň ikinji howpsuzlyk derwezesinde tanalandygyny aýtdy.

Atyşykda hüjümçileriň ikisi hem öldürilipdir, emma wepat bolan iki ofiserden başga dokuz ofiser ýaralanypdyr.

XS
SM
MD
LG