Sepleriň elýeterliligi

Yrak partlamalarynda 28 adam öldi


Yrakda, Bakubanyň 80 km çemesi demirgazygynda hökümet howlusynda partladylan üç ulag bombasy azyndan 22 adamy öldürdi.

Häkimiýetler gündogar Diýala welaýatynda 12-nji oktýabrda bolan kast ediş hüjümlerinde 60 adamyň ýaraly bolandygyny aýdýarlar.

Şu aralykda Bakubanyň günortasyndaky Dur al-Dubat etrabyndaky ýerli bazarda elde ýasalan iki bomba partlap, 6 adamy öldürdi, 10 adamy bolsa ýaralady.

XS
SM
MD
LG