Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Daýhanlar mülk we erkinlik isleýär"


Daşoguz welaýatynda oba hojalyk önümlerini öndürijilere tehnikalaryň 663 sanysy berildi.
Daşoguz welaýatynda oba hojalyk önümlerini öndürijilere tehnikalaryň 663 sanysy berildi.

Türkmen metbugaty ýurtda şu günki günde 1163 sany oba hojalyk tehnikasynyň önüm öndürijilere berlendigini ýazýar.

Bu tehnikalar oba hojalyk önümlerini öndürijilere Türkmenistanyň prezidentiniň şu ýylyň 7-nji iýulynda gol çeken karary esasynda berlipdir.

Habarda aýdylmagyna görä, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň hasabynda duran, ulanyş möhleti geçen we hasapdan öçürmäge degişli bolan oba hojalyk tehnikalary we gurallary öz hasabyna dikeltmäge isleg bildirýän oba hojalyk wekillerine berilýär.

Aýdylmagyna görä, Daşoguz welaýatynda oba hojalyk önümlerini öndürijilere tehnikalaryň 663 sanysy, Maryda – 162, Ahalda - 143, Lebapda – 118, Balkanda – 77 sanysy berildi.

Berlen tehnikalaryň köp bölegini Belarusda öndürilen MTZ-80 we MTZ-80N düzýär. Bu sana Amerikada öndürilen “Keýs” we “Jon Dir” kombaýnlary hem girdi.

Şeýle-de häzir 3687 sany oba hojalyk tehnikasynyň daýhanlara muzdsuz bermäge taýýar edilendigi habar berilýär.

Azatlyk radiosy bu programmanyň ýerlerdäki netijeleri we daýhanlaryň indiki arzuw-islegleri bilen gyzyklanyp, Lebapdaky habarçysy Osman Hallyýew bilen söhbetdeş boldy.

please wait

No media source currently available

0:00 0:04:17 0:00
Ýükle

XS
SM
MD
LG