Sepleriň elýeterliligi

Kabul: Bombaly ulag partlamasy boldy


Owganystanyň resmileri owgan paýtagty Kabulda janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyran bombaly ulag partlamasynda NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky Howpsuzlyga ýardam beriji halkara güýçleriniň (ISAF) nyşana alnandygyny habar berýärler.

Owganystanda Howpsuzlyga ýardam beriji halkara güýçleriniň metbugat wekiliniň aýtmagyna görä, 13-nji oktýabrda amala aşyrylan hüjümde agzalýan harby güýçlerden adam ýitgisi bolmandyr.

Owganystanyň içeri işler ministriniň orunbasary Aýoub Salangi özüniň Twitter sosial ulgamyndaky sahypasynda paýlaşan tweetinde, ýagny maglumatynda wakada parahat ilatdan bir adamyň ölendigini, şeýlede üçüsiniň ýaralanandygyny ýazdy.

“Talyban” hereketiniň metbugat sözçüsi Zabihullah Majahid Twitter sosial ulgamynda paýlaşan maglumatynda gürrüňi gidýän wakada daşary ýurt harby kerweniniň nyşana alnandygyny aýdyp, hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

XS
SM
MD
LG