Sepleriň elýeterliligi

Baku: Prezidentiň işden çekilmegi talap edilýär


Azerbaýjanda oppozisiýanyň müňlerçe tarapdary Bakuwda geçirilen hökümete garşy ýörişlere gatnaşdy. Ýörişe gatnaşanlar prezident Ylham Aliýewiň wezipesinden çekilmegini hem-de adam hukuklaryny goraýanlara we raýat aktiwistlerine garşy amala aşyrylýan repressiýanyň bes edilmegini talap etdiler.

Şeýle-de, demonstrantlar Baku bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda has ýakyn integrasiýanyň bolmagyny we syýasy tussaglaryň azat edilmegini talap etdiler.

12-nji oktýabrda geçirilen ýöriş ‘Demokratik güýçleriň milli geňeşi” atly hereket tarapyndan guramalaşdyryldy. Bu geňeş Azerbaýjanyň birleşen oppozisiýasynyň demokratiýanyň tarapynda çykyş edýän hereketidir.

Häkimligiň resmileri ýörişi Bakuwyň çetindäki stadionda geçirmek şerti bilen, onuň amala aşyrylmagyny tassykladylar.

Azatlyk Radiosynyň Azeri gullugynyň berýän maglumatyna görä, ýörişde birnäçe adam “Yslam döwleti” atly toparyň gara afişalaryny galgatmaga synanyşypdyr. Şonda ýörişi guramalaşdyranlar polisiýadan gürrüňi edilýän adamlary territoriýadan çykarmagy sorapdyrlar.

XS
SM
MD
LG