Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýada gürjü “jyhadçysy” öldi


Asly Gürjüstanyň Pankisi jülgesinden bolan ýene bir adam Siriýada “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileriniň hatarynda uruşýan mahaly öldürildi.

Gürjüstanyň Ahmeta etrabynyň häkimligindäki resmileriň 13-nji oktýabrda žurnalistlere beren maglumatyna görä, Pankisi jülgesiniň Duisi obasyndan bolan 22 ýaşyndaky Guram Gumaşwili ýakynda Siriýanyň Kobani şäherinde bolan çaknyşyklarda öldürilipdir.

Gumaşwiliniň dogan-garyndaşlary Guramyň Türkiýede işçi migranty bolup işleýändigini aýtdylar. Olar Guramyň haçan Siriýa gidendigi barada özlerinde hiç hili maglumatyň ýokdugyny bellediler.

Gumaşwili häzire çenli “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileriniň hatarynda ölen asly pankisili ýedinji raýatdyr.

XS
SM
MD
LG