Sepleriň elýeterliligi

Bosniýa: Milletçiler öňde barýar


Bosniýada 12-nji oktýabrda ýurduň üç taraplaýyn prezident dolanşygy üçin geçirilen saýlawlardaky sesleriň belli bir böleginiň sanalmagy netijesinde milletçiler öňde barýan ýaly bolup görünýär.

13-nji oktýabrda saýlaw resmileri ýurduň üç taraplaýyn prezident dolanşygy boýunça geçirilýän saýlawlarda Bakir Izetbegowiçiň (Bakir Izetbegovic), Dragan Çowiçiň (Dragan Covic) we Zeljka Swijanowiçiň (Zeljka Cvijanovic) öňde barýandygyny mälim etdiler.

Merkezi saýlaw komissiýanyň başlygy Stýepan Mikiçiň sözlerine görä, bu çaklamalar saýlaw býulletenleriniň 76,5%-niň netijelerine esaslanýar.

XS
SM
MD
LG