Sepleriň elýeterliligi

"YD" topary gyz satýar


"Ýaragly adam uýamy urup, öz ýany bilen alyp gitdi".

"Ýaragly adam uýamy urup, öz ýany bilen alyp gitdi".

Yrak mejlisindäki ýezitlerden bolan ýeke-täk zenan halk wekiliniň aýtmagyna görä, ýurtda adam hukuklarynyň ýagdaýy diýseň ýaramazlaşýar. Onuň güwä geçmegine görä, “Yslam döwletiniň” (YD) ýaragly topary ýezit dinine uýýan zenanlary ogurlaýarlar, zorlaýarlar we satýarlar.

"Olaryň öý-öwzarlary ýokdur. Olar köçelerde ýatyp-turýarlar. Ýagdaý gowy däl. Beýleki tarapdan, indi gyş golaýlap gelýär. Yrakda indi ýagyşlar ýagmaga başlady. Şol sebäpden ýagdaý gaty agyr".

Bu sözleri 8-nji oktýabrda halk wekili Wian Dahil Azatlyk Radiosyna Demirgazyk Yrak Kürdüstan dolanşygyndan telefon arkaly beren maglumatynda aýdýar.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň hem tanaýan halk wekili Dahile 6-njy oktýabrda "Uruş howpundaky zenanlara kömek" (Reach All Women in War) guramasy tarapyndan 2014-nji ýyl üçin Anna Politowskaýa baýragy gowşuryldy.

Dahiliň aýtmagyna görä, Yrakda 500 müňden gowrak ýezidi bar we olaryň arasyndan 25 müňe golaý zenan “YD” tarapyndan ogurlanypdyr.

"Biz olaryň nirdedigini bilmeýäris. Olaryň käbirleri bu ýerdäki tussaghanalarda saklanýarlar. Olar entegem Yrakdadyr. Olaryň käbiri Siriýä äkidilipdir, käbirleri hem Mosuldadyr" diýen halk wekili "Olary zorlamaklyk üçin ogurlaýarlar. Soňra bolsa her zenany 150 amerikan dollaryna satýarlar" diýip, sözüniň üstüni ýetirýär.

Zahranyň ykbaly

Halk wekiliniň aýdanlaryny Sinjar daglaryndaky Koço şäherinden bolan we dört aýal dogany bilen bilelikde “YD” ýaragly topar tarapyndan ogurlanan 20 ýaşyndaky Zahra hem tassyklaýar.

Ol daşary ýurtly metbugat işgärleri bilen geçiren gürrüňdeşliginde awgustyň öň ýanynda şähere gelen jyhatçylaryň ol ýerde ýaşaýanlaryň öňünde şeýle şert goýandygyny aýdýar: "Ýa iki günüň dowamynda yslam dinini kabul edersiňiz, ýa-da öldürilersiňiz. Olar bizi üýşürip, mekdebe saldylar. Zenanlary erkek adamlardan aýyrdylar. Meniň kakam iň soňky toparyň arasyndady. Biz ony soň gaýdyp görmedik".

Erkek adamlary atypdyrlar

Zahra öz başyndan geçenler barada şeýle gürrüň berýär: "Birinji gije biz iki sagat uklap bildik. Säher bilen sagat dörde bizi Mosula eltdiler. Olaryň biri uýamyň ýokarky eginbaşyny çykarmagyny talap etdi. Ejem biynjalyk boldy we naýynjarlyk bilen onuň näme üçin muny talap edýändigini sorady. Ol bolsa buýrugyny gaýtalady we, eger uýam ýokarky eginbaşyny çykarmasa, ony öldürjegini bildirdi. Ejem aglamaga başlady. Ýaragly adam uýamy urup, öz ýany bilen alyp gitdi".

Ogurlananlaryndan soň birinji gün Zahra näçe adamyň ýesir alnandygyny sanamaga synanyşypdyr. Mosula gidýän ýolda 65 sany garry aýal, 165 ýaş gyz we 400 erkek adam ogurlanypdyr ýa-da ýok edilipdir.

"Biz erkek adamlaryň başyna näme gelendigini bilemizok. Bir gije baýyrda tüpeň seslerini eşitdik. Men “YD-nyň” adamlarynyň birinden ol atyşygyň nämedigini soranymda, ol hiç zat bolmandygyny aýtdy. Bir nätanyş ulaga ok atypdyrlar. Soň bize aýdylan gürrüňlere görä, şonda erkek adamlary atan ekenler" diýip, Zahra gürrüň berýär.

Zenan bazary

Şol günüň ertiri zenanlary Mosulyň merkezindäki ullakan jaýa eltipdirler. Käbir şaýatlaryň aýtmagyna görä, “YD-nyň” ýaragly adamlary ol ýerde zenan bazaryny gurupdyrlar.

Yragyň tanymal adam hukuklary goraýjylaryndan Suzan Arefiň aýtmagyna görä, şol bazarda hristian zenanlar ýezit zenanlaryndan has gymmat bahadan satylýar.

Arefiň sözlerinden çen tutsaň, adatça, jyhatçylar zenanlary ogurlanlaryndan soň derrew zorlaýarlar, öz aralarynda paýlaşýarlar, soňam Mosula eltip, satýarlar.

Bizi halas ediň!

Yrakly halk wekili Dahil, geçen awgust aýynda Yrak mejlisinde ýüzlenme bilen çykyş edensoň, halkara metbugatynyň üns merkezine öwrüldi. Bu halk wekili öz ýüzlenmesinde “Yslam döwleti” ýaragly toparlary tarapyndan Sinjar dagynda gabawa alnan ýezitlere kömek bermäge çagyrypdy. Ol şonda ýezitleriň duçar bolan ýagdaýyna gyrgynçylyk hökmünde baha beripdi: "Meniň maşgalam hem öldürilen ähli yraklylar ýaly dargady we ýezitler hem bu gün gyrgynçylyga duçar edildiler. Doganlar, syýasy garaýyşlaryňyzy bir tarapa goýuň, bize ynsanperwerlik kömegi gerek. Bizi halas ediň! Bizi halas ediň!".

Mejlisiň metbugat geňeşçisi şonda onuň çykyşyny kesipdir, beýleki halk wekilleri bolsa onuň bu hereketini ýazgarypdyrlar. Şol wakadan soň Zahra huşundan gidip, ýykylypdyr.

Bu çykyş Obamanyň ünsüni özüne çekýär. Onsoň ol 7-nji awgustda “YD-nyň” ýaragly toparlaryna garşy howa hüjümleriniň hem-de ýezitleri gabawdan halas etmek üçin ynsanperwerlik tagallalarynyň başlanjakdygyny yglan edýär. Öz çykyşynda ol Zahranyn Yragyň mejlisinde eden ýaňky çykyşyny hem ýatlap geçýär.

Obama bu ugurdan şeýle diýýär: "Golaýda bir yrakly bütin dünýä ýüzlenip, şeýle nalyş edipdi: "Hiç kim dadymyza ýetişenok". Ynha, bu gün Amerika dadyňyza ýetişýär".

"Olaryň ornunda bolan bolsadyňyz..."

Zahra Dahiliniň 12-nji awgustda Sinjar dagynda bolan dikuçar heläkçiliginde iki aýagy we gapyrgalary döwlüpdir. Üstünde 35 adam bolan dikuçaryň piloty agzalýan heläkçilikde wepat bolupdyr. Şonda "New York Times" gazýetiniň habarçysy Alissa Rubine hem şikes ýetýär.

Dahili, gutulan badyna mejlise gaýdyp barjakdygyny bildirýär. Ol şeýle-de Yrakda we Siriýada “YD-ni” goldamak üçin olara goşulan 30 töweregi günbatarly aýal-gyzlara ýüzlenip, olaryň goldaýan toparynyň ýezit zenanlaryny duçar eden ýagdaýyna üns bermäge çagyrýar.

"Günbatarda “Yslam döwleti Yrak we Lewant” toparyny goldaýan her bir aýal maşgala özüni bu ýerdäki gyzlaryň ornunda goýmalydyr. Şonda olaryň bu ýerde nä güne düşendiklerine düşünerler. 12 ýaşyndaky gyzlary zorladylar. 10 ýaşyndaky gyzjagazlary zorladylar. Men “Yslam döwleti Yrak we Lewant” toparyny goldaýan zenanlardan şuny soraýaryn: "Eger siziň özüňiz şeýle ýagdaýa düşen bolsaňyz, özüňizi nähili duýardyňyz? Eger olar siziň maşgalaňyzdan bolan bolsady, siz özüňizi nähili duýardyňyz? Eger gyzyňyzy, uýaňyzy, goňşyňyzy kimde-kim zorlasa, hoşal bolardyňyzmy?" diýip, Zahra Dahili olardan soraýar.

XS
SM
MD
LG