Sepleriň elýeterliligi

Grozin: Aşgabadyň aladasy howpsuzlyk


GDA sammiti, Minsk, 10-njy oktýabr, 2014

GDA sammiti, Minsk, 10-njy oktýabr, 2014

Türkmenistan “ýüze çykýan çylşyrymly wakalara göz ýumup bilmez”. Bu barada prezident G.Berdimuhamedow Minskde GDA guramasynyň sammitinde eden çykyşynda aýtdy. Türkmenistanyň prezidenti regionyň howpsuzlygyny saklamakda guramanyň kuwwatyndan peýdalanmagyň ähmiýetini hem aýratyn nygtady. GDA-nyň kuwwaty barada aýdylanda, bu guramanyň nähili mümkinçilikleri bar? Azatlyk Radiosy Moskwadaky GDA institutynyň Merkezi Aziýa boýunça analitigi Andreý Grozin bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Andreý Walentinowiç, regional howpsuzlygy üpjün etmek üçin GDA guramasynyň nähili mümkinçilikleri bar?

Andreý Grozin: GDA-nyň çäginde howpsuzlyk meselesine jogapkär strukturalar bar. GDA-nyň çäginde [bu Guramanyň] harby ýolbaşçylarynyň käbir bileleşikleri, meselem, döwlet serhetlerine gözegçiligiň ýolbaşçylygy ýaly strukturalar bar. Emma olaryň alyp barýan işleri, esasan, bilelikde maslahat geçirmek ýa-da harby-tehniki hyzmatdaşlygy ýola goýmak ýaly meseleler bilen çäklenýär. Şeýlelikde GDA-nyň çägindäki strukturalar praktiki däl-de, konsultasion-geňeş geçiriji häsiýete eýe. GDA regionynda howpsuzlyk problemalary boýunça hakyky güýje eýe bolan ýeke-täk bileleşik ”Kollektiwleýin howpsuzlyk hyzmatdaşlygy ylalaşygy” guramasydyr. Emma bu gurama GDA guramasynyň strukturasyna girmeýär.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň Owganystan bilen serhedinde soňky döwürde dartgynly ýagdaý emele geldi. Owganystan tarapyndan edilen hüjümlerde türkmen serhetçileriniň wepat bolmagy ýaly wakalar ýüze çykdy. Türkmen-owgan serhediniň howpsuzlygyny üpjün etmekde GDA guramasy näme edip bilerdi?

Andreý Grozin: Türkmenistanyň ýolbaşçysynyň Minskde eden çykyşy Aşgabadyň türkmen-owgan serhedindäki dartgynlylygyň güýçlenmeginden we hasam erbetleşmeginden howatyrlanýandygyny görkezýär. Emma meniň öz pikirime görä, häzirki wagtda türkmen-owgan serhedini goramak meselesine hiç bir tarap gyzyklanma bildirmeýär. Bu Moskwa-da, Pekine-de, Tährana-da, Brýussele we Waşingtona-da degişli.

Orsýet barada aýdylanda, Moskwa, hususan-da, Ukrainadaky wakalar bilen baglylykda ikinji frontuň döremegini islemeýär. Beýleki ýurtlaryň hem Aşgabada berip biljek ýardamy harby-tehniki üpjünçilik, geňeşçiler, razwedka maglumatlary we howadan zarba urmak ýaly çäreler bolup biler. Siriýa we Yraga söweşijilere garşy göreşde halkara derejesinde berilýän ýardamlar häzirki wagtda hiç kimiň ýerde söweşmek islemeýändigini görkezdi.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň GDA guramasynda assosiirlenen ýagny çäklendirilen statusy bar. Bu ýurduň gurama bilen howpsuzlyk hyzmatdaşlygyna nähili täsir ýetirip bilýär?

Andreý Grozin: Türkmenistan GDA-nyň doly hukukly agzasy däl, meniň pikirimçe, Gurbanguly Mälikgulyýewiçiň Minskde eden çykyşy GDA guramasynyň ýolbaşçylaryna däl-de, käbir aýry ýurtlara, lkinji nobatda-da Orsýete niýetlenen bolmaly. Türkmenistan özüne goranmak meselesinde ýardam berip biljek ýurtlar bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär.

GDA-nyň çägindäki statusynyň çäkliligi we ýurduň bitaraplyk statusy oňa halkara derejesindäki problemalara goşulyşmazlyga mümkinçilik beripdi, emma yurduň indi öz daşyndaky töwekgelçilikleriň güýçlenýändigine göz ýetiren bolmagy mümkin. Sebäbi Yrakdaky we Owganystandaky durnuksyzlyklar söweşijileriň ýurtlaryň bitaraplyk statusyna ýa-da Aşgabadyň syýasy aýratynlyklaryna parh goýmajagyndan habar berýär.

Azatlyk Radiosy: GDA guramasynyň serhetleri goramak meselesinde nähili tejribeleri bar?

Andreý Grozin: GDA-nyň çäginde şeýle hyzmatdaşlygyň, meniň pikirimçe, baý tejribesi ýok. Üstünlikli tejribe hökmünde Täjigistanda 1990-njy ýyllarda graždanlyk urşunyň soňunda bu ýurda Orsýetiň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň harbylaryndan düzülen parahatçylygy dörediji umumy güýçleriň girizilendigini görkezmek mümkin. Emma bu tejribe hem uly bir netije bärmändi. Sebäbi GDA-nyň Orsýetden başga agzalary Täjigistandaky konflikti çözmek meselesine uly gyzyklanma bildirmändiler.

XS
SM
MD
LG