Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Donetskdäki durmuş gapma-garşy


Enrike Menendes
Enrike Menendes

Gündogar Ukrainadaky Donetsk şäherinden adamlaryň ölümi bilen bagly wakalar barada maglumatlar gowuşýar, hökümet güýçleriniň we orsýetçi separatistleriň arasynda bolan ok atyşyk zerarly geçen dynç günlerinde azyndan iki adam wepat boldy. Şol bir wagtda-da dükanlar işleýär, gül ekilýär we ýollar bejerilýär.

Enrike Menendez “Ad Faktory”, ýagny reklama fabrigi atly kärhananyň müdiridi. “Meniň atam ispandy, men bolsa Donetsk oblastynda Artemowskda doguldym we eýýäm 14 ýyl bäri Donetskde ýaşaýaryn” diýip, Enrike gürrüň berýär. Onuň kärhanasynyň Green Plaza merkezinde ýerleşen edara jaýy indi ýapyk. “Bu raýona 10 gezek zarba urlup, olaryň birinde snarýad binadan 200 metr golaýda atyldy we üç adamy öldürdi” diýip, Enrike Facebookda ýazýar.

Bahar aýlarynda Enrike Ukrainanyň bütewüligi ugrunda Donetskde geçirilen iň uly çykyşyň guramaçylarynyň hataryna giripdi. Onuň pikirdeşleri we kärdeşleri şäheri terk edende, Enrike galyp, şäherde horluk çekýän adamlara kömek berýän “Jogapkärçilikli raýatlar” atly inisiatiwa toparynyň döredijileriniň biri boldy.

Enrike Menendez hökümet güýçleriniň we gozgalaňçylaryň arasynda ok atyşygy bes etmek barada gelnen ylalaşykdan soň Donetsk şäheriniň nähili ýaşaýandygy barada AÝ/AR-na gürrüň berdi.

Gapma-garşy ýagdaý

Donetskdäki durmuşyň nähilidigi barada netije çykarmak kyn, bir tarapdan günde diýen ýaly adamlaryň ölümi barada maglumat gowuşýar, başga bir tarapdan, bosgunlaryň dolanýandygy, adamlaryň teatrlara barýandygy barada habar berilýär. "Bu ýagdaýlar nädip bir-biri bilen utgaşýar?” diýlip, berlen sowala Enrike Menendez şeýle jogap berdi:

"Donetsk mydama gapma-garşylykly şäher bolupdy, bu ýerde köpler üçin düşnüksiz bolan zatlar mydama-da utgaşýardy. Men awgust bilen deňeşdirilende sentýabrda dogrudanam durmuşyň kadaly bir ýagdaýa dolanyp başlandygyny belläsim gelýär. Bu ençeme faktorlar bilen bagly, birinjiden, adamlar dolanyp gelýärler, ýagny agyr günleri başga bir ýerde garaşyp geçirmek islän adamlar hem gelip başladylar. Käbirleri öz pullaryny sowup, indi başga ýerlerde ýaşamaga mümkinçiligi bolman, öýlerine dolanýarlar. Şeýlelikde şäherde adamlaryň, köçelerde awtoulaglaryň köpelendigi göze ilýär.

Ikinjiden, adamlar bar zada öwrenişýär. Hatda harby hereketleriň dowam edýän raýonlarynda-da. Bellemeli zat, şäherdäki harby hereketler uruş baradaky kinolarda görkezilýän zatlara meňzemeýär. Bu ýerde artilleriýa-top oklary atylýar. Donetskiň dört raýony top okunyň astyna düşýär. Ol ýerlerde elektrik togy, gaz, we suw kynçylyklary bar. Merkezi raýonlarda ýagdaý başgaça, gyzgyn suwdan başga ähli kommunal hyzmatlar gowy üpjün edilýär. Şäher özüne gelip başlady, adamlar hem özlerini köşeşdirmek üçin güýmenje tapmaga synanyşýarlar, şonuň üçin filarmoniýa, teatr möwsümi başlandy, şäherde kinoteatr hem açyldy”.

XS
SM
MD
LG