Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystan: Ogurlanan gyz özüni asdy


Gyrgyzystanyň demirgazygyndaky Koçkor etrabynda ogurlanan ýaş gyz öz janyna kast etdi.

Bişkekde ýerleşýän “Aikyn Bagyt” atly hökümete degişli bolmadyk guramanynyň wekili Munara Beknazarowanyň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, 18 ýaşly gyz şu aýda ogurlanansoň Yssyk-Köl etrabynda maşgalada özüni asyp öldüripdir.

Ady agzalmadyk bu ýaş zenanyň öz janyna kast etmekden öň jorasyna telefon arkaly jaň edip, özüniň nätanyş bir adamyň aýaly bolmaga mejbur edilendigini gürrüň berendigi aýdylýar.

Adam hukuklaryny goraýjy aktiwistler Gyrgyzystanda ýylda 12 000 çemesi ýaş zynanyň ogurlanyp, durmuşa çykmaga mejbur edilýändigini aýdýarlar.

Olaryň ençemesi 17 ýaşa ýetmedik gyzlar.

XS
SM
MD
LG