Sepleriň elýeterliligi

"Türkmen obasynda ölen ölýär, galan galýar"


“Talyban” hereketine garşy göreşýän Owganystandaky etnik türkmen söweşiji toparynyň ýolbaşçysy Emir Allaberen Karýad.

“Talyban” hereketine garşy göreşýän Owganystandaky etnik türkmen söweşiji toparynyň ýolbaşçysy Emir Allaberen Karýad.

Owganystanyň Badgyz welaýatynyň Türkmenistan bilen serhetleşýän Murgap etrabynyň Marçak obasy ep-esli wagtdan bäri "Talyban" hereketiniň gabawynda saklanylýar. Bu gabaw 25 müň töweregi ýaşaýjysynyň bardygy çaklanylýan bu obanyň ýaşaýjylaryna uly täsir ýetirýär.

Gabawyň täsiri esasanam saglyk pudagynda göze ilýär. Azatlyk Radiosyna gelip gowuşýan maglumatlara görä, obada bejergi mümkinçiligi ýok, kesellän adamlar köp halatlarda uly şäherlere "Talybandan" gizlin alnyp gidilýar.

Bejergi üçin Türkmenistana barmaga mümkinçilik döredilmegini sorap obalylaryň Türkmenistana eden ýüzlenmesinden hem henize çenli hiç hili jogap bolmandyr. Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir bu meselede Owganystanyň Marçakdaky howpsuzlyk güýçleriniň komandiri Döwlet Mawin bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligi aşakdaky düwmä basyp diňläp bilersiňiz.

XS
SM
MD
LG