Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe meýletinçilere ýol açmaga çagyrylýar


Yragyň Kürt regional hökümetiniň daşary işler ministri Türkiýäni Siriýanyň Kobani şäheriniň kürt goragçylaryna goldaw berjek meýletinçiler üçin serhedini açmaga çagyrýar. Ol bu çagyryşy 13-nji oktýabrda, Azat Ýewropa we Azatlyk radiosynyň Pragadaky edarasyna sapary mahalynda etdi.

Yragyň awtonom Kürt regionynyň ýokary derejeli resmisi Türkiýäni meýletinçileriň serhetden aşyp, Siriýanyň daşy gabalan kürt şäheri Kobaniniň goragçylaryna ýardam bermegine rugsat etmäge çagyrýar. Bu şäheriň adamlary «Yslam döwleti» toparynyň jeňçilerine garşy aldym-berdimli söweş alyp barýarlar.

Regional Kürt hökümetiniň daşary işler ministri Falah Mustafa 13-nji oktýabrda Azat Ýewropa we Azatlyk radiosynyň Pragadaky edarasyna sapar edende, Ankara halkara jemgyýetçiliginiň dört aýa golaý gabawda saklanýan şähere kömek bermek baradaky çagyryşlaryna gulak asmaly diýdi.

"Türkiýe çagyryşa gulak asmaly"

«Daşy gabalan Kobani şäherine kömege ýetişmek üçin hereket etmek biziň hemmämiz üçin ahlak jogapkärçiligi bolup durýar» diýip, Mustafa aýtdy. "Biz Türkiýe halkara jemgyýetçiliginiň çagyryşyna we daşlary gabalan gününden bäri terrorçylara garşy batyrgaý söweşýän adamlaryň zerurlyklaryna düşünmek bilen garar diýip umyt edýäris."

Ol Ankaranyň öz Mursitpinar serhet geçelgesi bilen Kobaniniň arasynda koridor döretmelidigini aýtdy.

"Biz mümkin däl zady soramaýarys» diýip, Mustafa aýtdy. «Ol koridor Kobanidäki söweşijilere goşulmaga taýýar adamlar üçin gerek, olara ok, medisina kömegi we azyk önümleri gerek.»

Ankara 10-njy oktýabrda BMG-niň Siriýa boýunça ýörite wekili Stefan de Misturanyň meýletinçiler üçin serhedi açmak baradaky çagyryşyndan boýun gaçyrdy.

De Mistura, eger şäher jeňçileriň eline geçse, Kobaniniň ýaşaýjylarynyň gyrgyna berilmek ähtimallygynyň uludygyny duýdurdy. Ol şäheriň merkezinde 700 çemesi gartaň adamyň, şäheriň içinde we töwereginde bolsa 10 müňden 13 müňe çenli adamyň hemmesiniň janynyň töwekgellik astyndadygyny aýtdy.

Emma türk ministri Mewlut Kawusoglu BMG-niň wekiliniň çagyryşyny ret etdi. Ol «Frans 24-e» 11-nji oktýabrda beren interwýusynda «asuda adamlary urşa ibermek jenaýat» diýdi.

Içki alada daşky aladany basýar

Şeýle-de Kawusoglu YPG-ä, ýagny Kobanini goraýan kürt milisiýasyna baryp ýetjek islendik ýaragyň soňy bilen Türkiýedäki kürt separatstleriniň eline düşmek ähtimallygyndan howatyrlanýandygyny bildirdi.

YPG Kürdistan Işçiler partiýasy, kürt awtonomiýasy üçin Ankara garşy 30 ýyl gowrak söweşen PKK bilen ýaran. Türkiýe we onuň günbatar ýaranlary bolsa PKK-ny terror guramasy hökmünde häsiýetlendirýär.

Türkiýeli kürtler serhediň meýletinçiler üçin açylmagyny talap edip, protest bildirdiler. Ol protestçileriň köpüsiniň PKK wetaranlary bolmagy çak edilýär. 10-njy oktýabrda Türkiýäniň günorta-gündogar welaýaty Diýarbekirde guralan protestde ýaralanan adam ýogalandan soň, protestler netijesinde ölen adamlaryň sany 31-e ýetdi.

Yragyň kürt daşary işler ministri Azat Ýewropa we Azatlyk radiosyna Türkiýäniň PKK baradaky içerki aladalaryny Kobanini, Siriýanyň uly kürt şäherini goramakdan ileri tutmagy nädogry diýdi.

"Biz realist bolmaly»

OL YD diňe Siriýa we Yraga howp salmaýar, eýsem sebitdäki goňşy döwletleriň ählisine howp salýar, Ankara jeňçilere garşy söweşip bilýän toparlara kömek etmeli diýdi.

"Biz realist bolmaly» diýip, Mustafa aýtdy. "Gury ýerde halkara koalisiýasyna ynamdar partnýor bolup biljegini subut eden güýçler diňe kürtler, Yrakdaky we Siriýadaky kürtler. Biz muny häzir Kürdistanda, peşmerge güýçleriniň YD bilen üstünlikli soweşinde görýäris, Siriýada bolsa muny Kobanide we beýleki ýerlerde görýäris."

Ankara, halkara koalisiýasynyň YD-a garşy agzasy hökmünde, bir taraply gury ýer hereketine geçmejegini, emma öz bazalaryny koalisiýanyň siriýa pitneçilerine tälim bermegi we howa zarbalaryny urmagy üçin elýeterli etjegini aýdýar.

Emma türk hökümetiniň resmileri günbatar mediasyna hususy gürrüňçilikde Türkiýäniň diňe 4 müň oppozisiýa söweşijisini kabul etjegini, olaryň türk aňtaw gullugy tarapyndan berk barlagdan geçiriljegini aýtdylar.

Bu barlag YPG-den bolan söweşijileri gyra süýşürjege meňzeýär, ýogsam bolmanda olar YD jeňçilerine garşy iň gowy gurnalan we netijeli kürt güýçleri bolup durýandyklaryny subut etdiler.

Soňky günlerde YD Kobaniniň üçden birine golaýyny öz kontrollugyna geçirdi. ABŞ-nyň öňbaşçylygynda urulýan howa zarbalary Siriýanyň kürt söweşijilerine Kobanini goramakda 13-nji oktýabrda hem ýardam berdi. Şäheriň gündogar we günorta-gündogar gyralarynda gidýän gury ýer söweşinde taraplaryň hiç biri artykmaçylyk gazanmadyk ýaly görünýär.

Mustafa Türkiýäniň öz serhedini kürt meýletinçileri üçin açmalydygyny, sebäbi kömegiň beýleki çeşmesiniň - yrak kürtleriniň bu şähere gelip bilmeýändigini aýdýar.

Munuň bir sebäbi Kobani Yragyň Kürt regionyndan ýüzlerçe km uzakda ýerleşýär we aralykda Yragyň we Siriýanyň YD tarapyndan eýelenen topraklary bar.

Ikinji sebäp bolsa, Yragyň kürt güýçleri, peşmerge goşuny öz front liniýasynda YD bilen söweşe baglangy.

XS
SM
MD
LG