Sepleriň elýeterliligi

Türk uçarlary kürt etraplaryny oka tutdy


Türkiýäniň mediasy Türkiýäniň söweş uçarlarynyň 12-nji oktýabrda ýurduň günorta-gündogar böleklerinde kürt gozgalaňçylarynyň giňişliklerini bombalandygyny habar berdiler.

Türkiýäniň “Hurriýet” gündeligi hem Hakkari welaýatynda bolan howa hüjümleri barada habar berdi.

Türkiýäniň harbylarynyň 14-nji oktýabrda çap eden beýannamasynda ýaragly güýçleriň kürt gozgalaňçylary tarapyndan atylan oka diňe “berk görnüşli” jogap berendigi aýdyldy.

Howa hüjümleri tassyklanan ýagdaýynda, bu PKK-nyň ýagny Kürdistanyň işçi partiýasynyň ok atyşygy bes etmek barada geçen ýylda yglan eden ýaraşygyndan soň kürt gozgalaňçylaryna garşy ilkinji zarba bolar.

Ýakynda Türkiýäniň ençeme şäherlerinde kürtler protest geçirip, hökümetden goňşy Siriýada kürtleriň şäherlerini basyp alan “Yslam döwletiniň” söweşijilerine garşy herekete geçmegi talap edipdi. Siriýadaky söweşler müňlerçe kürt bosgunyny Türkiýä gaçmaga mejbur etdi.

XS
SM
MD
LG