Sepleriň elýeterliligi

Obama “YD” garşy göreşi maslahat edýär


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama 14-nji oktýabrda dünýäniň 20 çemesi ýurdunyň harby liderleri bilen duşuşyp, Siriýada we Yrakda “Yslam döwletine” garşy strategiýany maslahat eder. Waşingtonyň daşyndaky Andrews howa bazasynda boljak bir günlük maslahata ABŞ-nyň harby ýolbaşçylarynyň birleşen ştabynyň baştutany general Martin Dempseý ýolbaşçylyk eder.

Bu maslahat Yragyň günbatarynda Anbar welaýatynda öňegidişlik gazanan we Siriýanyň Türkiýe bilen serhedindäki Kobani şäherini gabawa alan söweşiji toparyň öňüni almak üçin ABŞ-nyň baştutanlygyndaky koalisiýa edilýän basyşlaryň güýçlenen wagtynda geçirilýär.

Maslahata Türkiýäniň we ABŞ-nyň Siriýada söweşijilere garşy howadan amala aşyrylýan zarbalaryna goşulan arap döwletleriniň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG