Sepleriň elýeterliligi

Wadasynda tapylmadyk “AşTU”


Häzirlikçe AşTU-nyň Iptw hyzmaty arkaly 92 sany telekanala tomaşa edip bolýar.

Häzirlikçe AşTU-nyň Iptw hyzmaty arkaly 92 sany telekanala tomaşa edip bolýar.

Ylaýyk iki aý mundan ozal Aşgabadyň telefon ulgamynyň (AşTU-nyň) adaty telefon liniýa arkaly telekanallara tomaşa etmäge mümkinçilik berýän iptw hyzmatynyň pleýlistindäki telekanallarynyň sanynyň 140-a ýetendigi barada bu edaranyň işgärleri öz müşderilerine buşlapdylar.

Şondan öň bu edaranyň 80 telekanaldan ybarat bolan Iptw pleýlistinde, esasan, adaty çanak antennalary arkaly hem tomaşa edip bolýan: Türkmenistanyň, Russiýanyň we Türkiýäniň telekanallary bardy.

Emma täze telekanallaryň girizilmegi bilen bu edaranayň müşderilerine Discovery, Travel, Istoriýa, Nauka, NTW plýus ýaly daşary ýurt telekanallaryna tomaşa etmäge mümkinçilik döräpdi. Agzalan telekanallaryň artandygy üçin goşmaça töleg hem soralmandy. Müşderi öňküsi ýaly aýda 10 manat töläp, şol telekanallara tomaşa edibermelidi.

Emma müşderilerine wada berlen bu “mümkinçilik” dowamly bolmady. Eýýäm geçen aýyň ahyrlarynda täze girizilen bu telekanallaryň ady pleýlistde görkezilen-de bolsa, olar işlänok. Edaranyň müşderiler bilen işleşýän işgärleri ilkibada bu telekanallaryň işlemezligini, adatdaky ýaly, tehniki näsazlyklar bilen düşündirdiler.

Goşmaça töleg

Emma soň bu edaranyň bir işgäri bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol bu telekanallaryň häzirlikçe pleýlistden aýrylyp, soňra müşderileriň abonent töleginiň artdyrylyp, täzeden goşuljakdygyny aýtdy. Ýogsa, bu edaranyň müşderileri bilen işleşýän ofislerinde täze telekanallar öňki aýda tölenýän müşderi töleginde görkeziler diýlip aýdylýardy.

“Ýakyn wagtda müşderiler häzirki her aý tölenmeli 10 manat abonent töleginiň üstüne ýene-de 10 manat goşsa, bu telekanallara tomaşa edip biler ýaly ediler. Häzirlikçe täze telekanallar işlänok” diýip, AşTU-nyň adynyň efirde tutulmagyny islemedik işgäri aýdýar.

Häzirlikçe AşTU-nyň Iptw hyzmaty arkaly 92 sany telekanala tomaşa edip bolýar. Iki aý mundan ozalky täze girizilen telekanallar bolsa pleýslistden aýrylypdyr. Häzirki pleýlistde ýene-de öňki ýaly Türkmenistanyň, Russiýanyň we Türkiýäniň telekanallary galdy.

Çanak antennalary

Ýaňky aýdyp geçişimiz ýaly bu telekanallara adaty çanak antennalar arkaly hem tomaşa edip bolýar. Ýogsa, Iptw hyzmatynyň şol çanak antennalara alternatiw hökmünde döredilendigini bu edaranyň işgäri gürrüň berýär.

Onuň aýtmagyna görä, geljekde Iptw hyzmaty çanak antennalarynyň ornuny tutmaly. “Paýtagda 2017-nji ýylda geçiriljek Aziada ýaryşlaryna çenli çanak antennalar aýrylmaly. Iptw hyzmaty hem şonuň üçin girizilen” diýip, AşTU-nyň işgäri gürrüň berýär.

Ýatlap geçsek, birnäçe ýyl mundan ozal paýtagtda käbir ýaşaýyş jaýlarynyň diwarlaryndan çanak antennalary aýyrmak üçin, kabel telewideniýesine meňzeş hyzmat hem hödürlenip başlanypdy. Bu hili hyzmat esasan protokol köçeleriň ugrundaky käbir ýaşaýyş jaýlarynda hödürlenýär.

Hyzmat

AşTU-nyň Iptw hyzmatyndaky kemçilikleri onuň diňe bir täze telekanallar baradaky wadasynda durmandygy bilen hem bagly däl. Bu hyzmatyň müşderilere hödürlenişinde hem käbir kemçilikler bar.

Adaty telefon liniýalary arkaly gelýän Iptw telesignalynyň ýitýän halatlary seýrek bolanok. Telekanallaryň käte ýarym sagatlap görünmeýän wagty hem bolýar. Paýtagtyň ”Posýolka” ýaly käbir çetki raýonlarynda bolsa asla bu hyzmatdan peýdalanyp hem bolmaýar. Esasanam, köne telefon stansiýaly raýonlarda ýagdaý şeýle.

AşTU-nyň müşderilere hyzmat edişinde hem kemçilikler ýok däl. Müşderiler bu hyzmata birikjek bolnanda, zerur abzallary sazlaýan ussa birnäçe günläp garaşmaly bolýandyklaryndan şikaýat edýärler.

Paýtagtda ilkinji gezek girizlen Iptw hyzmaty AşTU edrasy tarapyndan geçen ýylyň noýabyrynda hödürlenip başlanypdy. Bu hyzmata birikdirilmek üçin AşTU-nyň müşderilere hyzmat edýän ofisine öý eýesiniň öz telefon liniýasynyň Iptw hyzmatyna birikdirilmegini sorap ýazan arzasy gerek. Onsoňam bu hyzmatdan peýdalanmak üçin bahasy 98 dollara durýan ýörite tuneri satyn almaly.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG