Sepleriň elýeterliligi

Kiýew: Parlamentiň daşynda protest döredi


14-nji oktýabrdaky demonstrasiýa mahalynda käbir protestçiler polisiýany yzyna itip, parlamentiň içine girmäge synanyşdy.

14-nji oktýabrdaky demonstrasiýa mahalynda käbir protestçiler polisiýany yzyna itip, parlamentiň içine girmäge synanyşdy.

Ukrain parlametiniň daş işigindäki protestçiler polisiýa bilen çaknyşdy, bu çaknyşyga kanun çykaryjylaryň arakesme yglan etmegi sebäpli gurnalan protest sebäp boldy.

14-nji oktýabrdaky demonstrasiýa mahalynda käbir protestçiler polisiýany yzyna itip, parlamentiň içine girmäge synanyşdy.

Içeri işler ministriniň bir geňeşçisi, Anton Heraşçenko, öz feýsbuk sahypasynda 50 çemesi adamyň tussag edilendigini we polisiýanyň adam tutmagy henizem dowam etdirýändigini ýazdy.

Çen bilen 500 çemesi protestçi Werhownaýa Radanyň gün tertibine Ikinji Jahan urşy döwründäki dawaly garşy duruş toparlarynyň, Ukrain milletçi guramasynyň we Ukrain gozgalaňçy goşunynyň milli gahrymanlar diýip yglan edilmegi baradaky kanun taslamasyny goşmagy talap edýär.

Ukrainanyň UNIAN habar gullugy protestçileriň käbiriniň taýakdyr dürre bilen ýaraglanandygyny, parlament binasyna we bu ýere getirilen polisiýa wekillerine garşy feýerwerkleriň zyňylandygyny habar berdi.

Protestçileriň käbiriniň milletçi «Swoboda» partiýasyna degişlidigi aýdylýar, emma partiýa lideri Oleh Tiahnibok «Swobodanyň» bu proteste gatnaşygyny ret etdi.

Başga bir milletçi topar «Sagçy sektor» bolsa, twitterde ýerleşdiren beýanatynda öz agzalarynyň bu proteste gatnaşmandygyny aýtdy.

Parlament arakesme yglan etmezinden öň täze goranmak ministrini tassyklamaga ýetişdi.

Deputatlar häzirki wagtda Milli gwardiýanyň başlygy bolup işleýän Stepan Poltoragy 245 deputatyň goldamagynda, 1 deputatyň garşy bolmagynda täze wezipesine tassyk etdiler.

Poltorak Waleriý Heleteýiň ornuna geçýär, öňki ministr ukrain goşunlarynyň Donetsk we Lugansk regionlarynda orsýetçi separatistlere garşy alyp barýan söweşleriniň netijeleri boýunça tankyt edildi. Bu söweşlerde aprel aýyndan bäri 3660-dan gowrak adam öldürildi.

Heleteý işden çekilmek baradaky arzasyny 12-nji oktýabrda berdi. Ol bu wezipede diňe üç aý işledi.

Poroşenko 13-nji oktýabrda Heleteýiň ýerine hödürlenýän kandidaty yglan edende, Poltoragy «professionallygy we watançylygy» üçin öwdi we onuň Milli gwardiýany gysga wagt içinde kuwwatly söweş güýjüne öwrendigini belledi.

Poroşenko parlamentdäki ses berişlikden öň Poltoragyň we onuň ýolbaşçylygyndaky güýçleriň orsýetçi separatistleri Harkowyň regional adminstrasiýasynyň binasyndan kowup çykaryşlaryny hem ýatlady.

Bu uly şäher şondan bäri töwerek-daşyndaky welaýat bilen bilelikde hökümet kontrollugynda saklanýar.

Poltorak tassyklaýyş ses berişliginden soň kasam kabul edende, «Ukrainanyň özygtyýarlylygyny we garaşsyzlygyny berkitmegi» wada berdi.

Şeýle-de parlament Korrupsiýa garşy milli býuro döretmek baradaky kanun taslamasyny tassyklady. Ukrainanyň täze hökümeti bu kanun esasynda ýurdy kän wagty bäri ysgyndan gaçyrýan problemany çözmäge synanmakçy.

Poroşenko bu arassalanyş kanunyna 9-njy oktýabrda gol çekdi.

Korrupsiýa garşy kabul edilen täze kanun esasynda 1 milliona çenli hökümet gullukçysy, şol sanda hökümet ministrleri, ozalky orsýetçi prezident Wiktor Ýanukowiçiň adminstrasiýasy döwründäki korrupsiýa praktikasyndan saplanmak maksady bilen, derňewden geçiriler.

XS
SM
MD
LG