Sepleriň elýeterliligi

“Syýasatnamadaky” syrlar


"Baş senzor eline galam alan her bir adamyň öz içinde oturypdyr"

"Baş senzor eline galam alan her bir adamyň öz içinde oturypdyr"

Ömrüniň köp bölegini Maryda ýaşap geçiren Nyzam al-Mülk taryh sahypasynda mäkäm orun alypdyr.

Keseki

Ol 1017-nji ýylda Eýranyň Tus şäherinde garyplaşan, ýöne örän asylly maşgalada dünýä inipdir. Onuň ady Aby Aly Hasan bin Ishak Tusy, soňra görnükli döwlet işgäri bolup ýetişende, Nyzam al-Mülk diýen ada mynasyp bolýar. Ol arapçadan terjime edilende, döwleti gurujy, döwleti nyzama salyjy diýmekdir.

Örän talantly hem aşa düşbi, öz döwrüniň ylmyny ýeterlik derejede özleşdiren bu ynsan Alp Arslanyň atasy döwründe Seljuklar hökümdarlarynyň gullugynda durýar. Beýik iki Seljuk imperatory döwründe bolsa, döwletde esasy syýasaty ýöredijileriň biri bolýar. Keseden gelip, Seljuklar döwletine Nyzam al-Mülk ýaly wepaly we dogry hyzmat eden başga bir administrator bolmandyr.

Elli bapdan ybarat “Syýasatnama” eseri galmadyk bolsa, onuň hyzmaty taryhyň çaňyna gömlüp giderdi. Ýöne şol eser Nyzam al-Mülküň kim bolandygyny aýdyň görkezýär. Ol wezirlik eden uzak ýyllarynyň dowamynda, Seljuklar döwletini merkezleşdirmekde, berkitmekde esasy hyzmaty ýerine ýetiripdir.

Syýasatçy

“Syýasatnamadan” çen tutsaň, Nyzam al-Mülk aşa sowukganly syýasatçy bolupdyr. Özi bilen baglanyşykly howpsuzlyk çärelerini berk berjaý etmegi başarýan tejribeli adam ekeni. Onuň aşa sabyr-kanagatly ýüreginiň töründe mydama uly gorky-howatyr saklanypdyr. Bu ejizlikden däl-de, akyl-paýhasdan döräpdir.

Ol syýasatçynyň ýaşan döwründe senzura diýilýän zadyň ady-sory ýok ekeni. Ýöne baş senzor eline galam alan her bir adamyň öz içinde oturypdyr. Biziň taryhymyzda söz azatlygyndan, pikiri erkin beýan etmek kynçylygyndan ilkinji ejir çeken Nyzam al-Mülk bolsa gerek. Syýasat kitabyny okanyňda, azyndan üç ýowuz senzoryň ony gurşap alandygyny görmek mümkin.

Üç howp

Olaryň başkysy hem esasysy – gulluk edýän köşgüne hem köşk eýelerine wepadarlyk. Ýazýan kitabyň, aýdýan sözüň hem edýän pikriň köşk eýeleriniň göwnüne laýyk bolmaly. Eýeleýän wezipesi hem ömrüni bagyş edip ýeten gulluk orny üçin, ol bilip duran, görýän aşa köp adylsyzlyga, wejeralyga göz ýummaly bolupdyr. Ol hyzmat edýän köşgi barada beýik syýasat ýöredipdir.

Ikinji senzor din. Yslama dil ýetirmeg-ä beýlede dursun, onuň haýsydyr bir akymyny ýazgarmak hem örän howply bolupdyr. Din barada nähilidir şübhe ýa müňkürlik döretmekdenem aýylganç gorkupdyr. Yslam babatynda mydama Ymamlar derejesinde paýhasly we Yslama garşylara barlyşyksyz syýasatda durupdyr.

Şol wagtyň özünde ol riýa işleri, ikiýüzlüligi, Alla Tagala babatynda dili bilen bir zat aýdyp, iş ýüzünde bolsa nähili gabahatçylyk edilýänini bilipdir.

Üçünji howatyr Yslamyň duşmanlaryndan üýşenme bolupdyr. Ol Mazdaklar ýa-da Mezdekler hereketine düýpli belet ekeni. Onuň öz asly-da şol urugyň bir şahasyndan bolupdyr.

„Syýasatnamada“ olaryň hereketini, güýjüni we şowsuzlyklarynyň sebäplerini aýdyň görkezýär.

Nyzam al-Mülk olar barada nähilidir içki buýsanç bilen ýazýar. Babegiň gahrymançylygyny aýratyn beýan edýär. Mazdaklar hereketiniň serdary Babegiň soňky demine çenli göreşişini we mert ölümini edermenligiň mysaly hökmünde belende göterýär.

Ol Istahrabatda müň ýyllap ýanyp duran ody bilipdir. Mejusileri bilipdir. Olaryň artykmaçlygyny hem ukybyny beýan edýär we olaryň ýeňilmeginiň kanunalaýyklykdygyny-da görkezýär.

Beýik syýasatçy

Onuň ýazyp galdyran ýadygärligi hakykatdanam Syýasatnama, hatda syýasat baradaky sungat. Bu ýerde örän ýowuz hem barlyşyksyz syýasat barada gürrüň gidýär.

Gozgaýan her bir meselesi babatynda paýhasly hem düşnükli pikir ýöretmegi başarypdyr. Şol wagtyň özünde-de aşa ähtibarly, çekinjeň hem gysga sözli bolupdyr.

Ol özüniň bilýän zatlaryny aýdyň beýan edip bilmän, ezýet çekendigini hem duýdurýar.

“Syýasatnamadan” çen tutsaň, bu alym iňňän köp zady bilipdir we köp zada düşünipdir. Köşk içindäki dawalar, emeldarlaryň arasyndaky özara ýigrenç hem tekepbirlik onuň hoşuna gelmändir. Bu barada gytaklaýyn söz açyp, köşkdäkileriň gazabyna duçar bolanlaryň takdyryny ýatlaýar.

Şeýle tejribeli syýasatçyny onuň pikiri bilen ylalaşmaýan han-begler köşkden çetleşdirmegi başarypdyrlar. Bu ahyrky netijede hem-ä örän ukyply syýasatçynyň şahsy heläkçiligi, hem-de uly imperiýanyň dargamagyna başlangyç bolupdyr.

Netijeler

Nyzam al-Mülküň ölümi barada aýdylanda, onuň iň esasy gorkularynyň biri hakykata öwrülipdir. Ol 1092-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Ysmaýylçylar tarapyndan öldürilýär.

Ýedinji Ymam Musa Käzimiň dogany Ysmaýyla eýerijiler aşa barlyşyksyz hereket alyp barypdyr.

Ony wezipeden kowan Mälik şa barada aýdylanda, Nyzam al-Mülküň ölüminden 35 gün soň, ýagny 1092-nji ýylyň 19-njy noýabrynda, ol hem dünýäden ötýär. Şeýdip, Seljuk imperiýasynyň iň beýik şasy hem iň ýiti syýasatçysy syýasy sahnadan aýrylýarlar.

Seljuklar imperiýasy gowşamak bilen bolýar.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy. Bu ýerde aýdylanlar awtoryň şahsy pikiri.

XS
SM
MD
LG