Sepleriň elýeterliligi

Rus dilindäki “Nastoýaşeýe Wremýa” Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň we “Amerikanyň Sesi”, şeýle-de Gürjüstanyň, Estoniýanyň, Latwiýanyň, Litwanyň, Moldowanyň we Ukrainanyň jemgyýetçilik we hususy habar beriş serişdeleriniň we internet portallarynyň partnýorlygynda ýola goýuldy. Regionyň, Ýewropa paýtagtlarynyň, AÝ/AR-yň Pragadaky baş edarasynyň, Waşingtondaky “Amerikanyň sesiniň” habarçylary gündelik 30 minutlyk gepleşigi: göni efirdäki habarlary, interwýulary, makalalary we syýasy satirany hödürlär. Ol Russiýanyň hökümeti tarapyndan kontrollykda saklanylýan ýerli habarlaryň “hakykata gabat gelýändigi baradaky barlagy” geçmedik maglumatlary hödürleýär.

“Bu gepleşik bilen ABŞ-nyň halkara mediasy Ukrainada, şeýle-de ozalky sowet giňişliginde agressiýany we gazaplylygy möwjedýän bihaýa we akyla sygmajak media kampaniýany yza tesdirmek ugrunda tagalla edýär” diýip, Jeff Şell, AÝ/AR we “VOA” gözegçilik edýän Gubernatorlaryň Teleradiogepleşikler Geňeşiniň (BBG) başlygy belledi. “Bu gepleşik bitarap we barlanan žurnalizmi hödürlär. Ýalansyz, faktlar”

“Nastoýaşeýe Wremýa” ABŞ-nyň halkara mediasy tarapyndan Russiýanyň özünde we onuň daşynda alnyp barylýan resmi propoganda jogap bermek ugrundaky tagallalaryň çäginde alnyp barylýar. Telewideniýe arakaly tomaşa etjekler bilen birlikde, gepleşik YouTube, Internet habar portallary we sosial ulgamlarda hem elýeterli bolar. Prodýuserler 2015-nji ýylyň dowamynda regionda, satelit we internet pudaklarynda hem programmany ösdürmegi göz öňünde tutýarlar.

AÝ/AR barada

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy garaşsyz, halkara habar guramasy bolup, ol radio tolkunlary, internet we sputnik arkaly 21 döwletiň, şol sanda Orsýetiň, Eýranyň, Yragyň, Owganystanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilatyna maglumatlary ýetirýär. Ol Gubernatorlaryň Teleradiogepleşikler Geňeşiniň üsti bilen ABŞ-nyň Kongresi tarapyndan maliýeleşdirilýär.

XS
SM
MD
LG