Sepleriň elýeterliligi

Putin, Poroşenko maslahat etdi


Kremliň habar bermegine görä, Russiýanyň we Ukrainanyň prezidentleri Wladimir Putin we Petro Poroşenko gündogar Ukrainada parahatçylygy dikeltmek üçin durmuşa geçirilmegi mümkin çäreler barada maslahat etdiler.

Şeýlede, Kreml öz ýaýradan beýanatynda iki lider 16-17-nji oktýabrda Milanda geçiriljek Aziýa-Ýewropa sammitiniň çäginde duşuşmaga we tebigy gazy öz içine alýan meseleler barada maslahat etmäge taýýardyklaryny beýan etdiler diýýär.

Iýun aýynda Kiýew Moskwa bermeli tebigy gaz karzyny tölemekde şowsuz bolansoň, Russiýanyň döwlet kontrollugyndaky “Gazprom” kärhanasy Ukraina akdyrýan tebigy gazyny togtadypdy.

Gündogar Ukrainada orsparaz pitneçiler bilen ukrain güýçleriniň arasyndaky konflikt we tebigy gaz jedelleri Ýewropa Bileleşigine akdyrylýan tebigy gazyň üpjünçiligi barada aladalanmalaryň döremegine sebäp boldy. Ýewropa Bileleşigi özüniň tebigy gaz zerurlygynyň üçden bir bölegini Russiýadan alýar. Bu möçberiň takmynan ýarysy Ukrainanyň üsti bilen Ýewropa Bileleşigine akdyrylýar.

XS
SM
MD
LG