Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Hüjümde bäş adam öldi


Pakistanyň ýerli resmileri janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyran bombaly partlamasynda azyndan bäş adamyň öldürilendigini, şeýlede ýedi sanysynyň ýaralanandygyny aýdýarlar. Bu hüjümde ýurduň durnuksyz tire-taýpalar regionynda geçirilýän parahatçylyk boýunça komitetiň ýygnagyna gatnaşanlar nyşana alyndy.

Gürrüňi gidýän hüjüm 15-nji oktýabrda Peşawar şäheriniň takmynan 100 kilometr günorta-günbatarynda ýerleşýän Haýber etrabynyň Pir Mela obasynda amala aşyryldy.

Henize çenli bu hüjümiň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady.

Haýber etraby Pakistanyň Owganystan bilen araçäginiň golaýynda ýerleşýän ýarym-awtonom territoriýadyr. Bu territoriýada “Talyban” hereketi we “Al-Kaýda” topary bilen ilteşikli söweşiji toparlar agdyklyk edýär we olar serhediň Pakistan we Owganystan tarapynda hüjümleri amala aşyrýarlar.

XS
SM
MD
LG