Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkekde bäş aktiwist tussag edildi


Gyrgyzystanyň “Jany Muun”, ýagny “Täze nesil” atly hereketiniň bäş aktiwisti ýurtda elektrik energiýanyň bahasynyň ýokarlanmagyny protest edýän mahaly tussag edildi.

50 çemesi aktiwist ýurtda elektrik togunyň bahasynyň 50% ýokarlandyrylmagyna protest bildirip, 15-nji oktýabrda Bişkegiň merkezinde ýöriş geçirdi. Olar munuň üçin ýurduň öňki energetika ministri Osmanbek Artykbaýewiň jogapkär edilmegini talap edýärler.

Protestçiler açlyk yglan edip, Bişkegiň merkezi “Gorkiý parkynda” çadyrlary gurup başlan mahaly ýurduň polisiýasy bäş protestçini tussag etdi.

Bişkek şäher polisiýa departamentiniň metbugat wekili Bakyt Seýidow (Bakyt Seitov) Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda aktiwistler rugsatsyz köpçülikleýin üýşmeleňleri geçireni üçin tussag edildi diýdi.

XS
SM
MD
LG