Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa: Metbugat baradaky kanuna gol goýuldy


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin rus habar beriş serişdelerinde daşary ýurtly eýeleriň diňe 20% paý eýe bolup bilýändigi baradaky kanun taslamasynyň kanun görnüşinde güýje girmegi üçin gol goýdy.

15-nji oktýabrda rus metbugatynda çykan maglumatlarda Putin tarapyndan gol goýlan bu kanun ýurtdaky habar beriş serişdeleriniň daşary ýurtly toparlar ýa-da şahslar, şol sanda goşa raýatly orsýetliler tarapyndan maliýeleşdirilmegini we dolandyrylmagyny hem gadagan edýär.

Şeýlede, kanunda metbugat kompaniýasynyň düzüminde 20%-den ýokary paý eýeleýän daşary ýurtly şärigi bar bolan kompaniýa eýelerinden bu möçberi 2017-nji ýyla çenli kemeltmek talap edilýär.

Gürrüňi gidýän kanun taslamanyň awtorlarynyň biri we Russiýanyň Döwlet Dumasynyň deputaty Wadim Dengin geçen aýda beren maglumatynda bu kanun Russiýada hereket edýän 30 sany, şol sanda “Wedomosti”, “Kommersant” we “Forbes” ýaly metbugat serişdelerine öz täsirini ýetirer diýipdi.

Käbir metbugat serişdelerine maýa ýatyrýanlar bu kanun Kremliň ýurtdaky metbugat azatlygyna basyş etmek üçin edýän soňky synanyşygy diýip, ony tankyt etdiler.

XS
SM
MD
LG