Gazagystan “Takfir wal-Hijra” atly radikal yslamçy topary bikanun diýip yglan etdi. Bu topar eýýäm Russiýada we Günbatar ýurtlarynyň ençemesinde gadagan edilendir.
15-nji oktýabrda Gazagystanyň Baş prokuraturasy “Takfir wal-Hijra” toparynyň ekstremist guramadygy we ýurtda gadagan edilmelidigi barada şu ýylyň awgusta aýynda Sary-Arka etrap sudy karar çykardy diýdi.
Baş prokuratura suduň çykaran şol kararynyň häzirki wagt güýje girendigini mälim etdi. Bu “Takfir wal-Hijra” atly toparyň hereketlerine ediljek islendik gatyşmanyň bikanundygyny aňladýar.
“Takfir wal-Hijra” topary 1960-njy ýyllarda Müsürde ýüze çykypdy we onuň “Al-Kaýda” bilen ilteşiginiň bardygyna ynanylýar.
Geçen ýylyň noýabr aýynda Russiýanyň howpsuzlyk güýçleri “Takfir wal-Hijra” toparynyň 14 şübheli agzasyny tussag edipdiler.
Bu topar Russiýada, Ýewropa Bileleşiginde, Birleşen Ştatlarda, Türkiýede, Gyrgyzystanda we Gazagystanda gadagan edildi.