Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Aşgabat bent wadasynda tapylanok”


Amyderýanyň owgan kenaryndaky etnik türkmenler derýanyň öz akymyny üýtgetmegi netijesinde emele gelen ada gidýärler.
Amyderýanyň owgan kenaryndaky etnik türkmenler derýanyň öz akymyny üýtgetmegi netijesinde emele gelen ada gidýärler.

Azatlyk Radiosy owganystanly türkmenleriň Amyderýanyň owgan kenarynda görýän horluklary, derýanyň olaryň ekin we öri meýdanlaryny opuryp alşy barada tapgyrlaýyn gepleşikleri taýýarlapdy.

Şondan soň, Türkmenistanyň ýolbaşçylary Amyderýanyň öňünde bent gurup bermäge wada berip, derýanyň kenaryndaky meseleleri öwrenmek üçin spesialistler toparyny Owganystana ýollapdy.

Emma Türkmenistanyň beren şol wadasyndan bäri alty aýyň geçendigini we henize çenli hiç hili netijäniň ýokdugyny Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän Garkyn etrabynyň häkiminiň orunbasary Sahyý Yhsan aýdýar. Belläp geçsek, bu etrap Amyderýanyň Owganystan tarapynda ýerleşýär.

Şeýle-de, Sahyý Yhsan Amyderýanyň öz akymyny üýtgetmegi netijesinde derýanyň ortasynda emele gelen adanyň Türkmenistan tarapyndan türkmen resmileriniň ýol çekýändigini aýdyp, bu barada Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi. Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myradynyň geçiren söhbetdeşligini aşakdaky düwma basyp diňläp bilersiňiz.

please wait

No media source currently available

0:00 0:02:57 0:00
Ýükle

XS
SM
MD
LG