Sepleriň elýeterliligi

Adalata adalat soralýar


Azatlyk Radiosynyň sosial ulgamlaryna gelen ýüzlerçe teswirde Adalatyň häzirki ýagdaýyna duýgudaşlyk, gynanç bildirilýär.

Azatlyk Radiosynyň sosial ulgamlaryna gelen ýüzlerçe teswirde Adalatyň häzirki ýagdaýyna duýgudaşlyk, gynanç bildirilýär.

Ýaş ene Adalat Hemdemowanyň öz dört aýlyk çagasy bilen, maşgala ýagdaýlary sebäpli, köçede ýatyp turmaga mejbur bolandygy, şeýle-de ýerli häkimiýetleriň olaryň arzyna hiç hili jogap bermän, gaýtam tersine, haýbat atyp, kowup goýberendigi baradaky maglumatlar dogrusynda Azatlyk Radiosy Garaşsyzlyk etrabynyň Geňeşligi bilen habarlaşdy.

Geňeşligiň degişli resmisi beýle faktyň, “özleririndäki bar bolan maglumata görä, ýalandygyny” aýdyp, has tas takyk düşündiriş soralanda, bu meselede başga goşmaça maglumat bermekden ýüz öwürdi.

Şol bir wagtda Azatlyk Radiosyna sowuk güýz gijelerini köçede geçirmekden başga çäresiniň galmandygyny gürrüň beren Adalatyň ykbaly biziň okyjylarymyzyň, sosial ulgamyndaky okyjylarymyzyň duşundan biparh geçmän, olaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi.

Adalatyň Azatlyk Radiosyna beren wideointerwýusyna “Facebook” ulgamyndaky sahypamyzda diňe bir günüň dowamynda gelen teswirleriň sany 160-dan hem geçdi.

Teswirleriň mazmuny, olarda Adalatyň düşen gününe bolan garaýyşlar hem biri-birinden tapawutlanýar.

Asli Melek atly okyjymyz häzirki düşen ýagdaýyna Adalatyň özüniň günäkärdigini aýdyp, şeýle teswir galdyrypdyr: “Ejesiniň öýi bardyr, ýygnasyn gyzyny. Gyzyň äri hem aklyna aýlanyp, iş tapsyn, hereket etsin. Bu näme boluş? Hökümeti tankytlamagyň ýerine, biraz azap ediň. Beýle-de nankör, samsyk adamlar boljak ekeni. Toba!”.

Asli Hatamowa diýen okyjylarymyzyň biri hem ýokarky pikire çalymdaş bir teswir ýazyp, onda: “Dünýäde nämeler bolýar? Öýsüzlik mesele-de däl. Türkmenistanyň rahat bir ýurtdugyna şükür ediň!” diýip, maslahat beripdir. Asli Hatamowa soňra wideodaky Adalata ýüzlenip: “Eý nankör heleý, öý, mal-mülk... bularyň ählisi aňsat zatlar. Hereket et, doga et, Watanyňy garalama! Uýal, nankör heleý, uýal!” diýip, Adalaty utandyrjak bolupdyr.

Öz gezeginde bu mazmundaky teswirler Azatlyk Radiosynyň beýleki okyjylarynyň arasynda nägileligi, belli bir derejede gahar-gazaby hem döretdi.

Hojaniýaz Niýazi Kurbanow atly okyjymyz ýokarda Adalata hüjüm edip teswir galdyranlaryň “beýle Türkmensitany gowy görýän bolsaňyz, näme sebäpden Türkiýä gelip, ýaşaýarsyňyz?” diýen sowaly berip: “ Ol nähili öý mesele bolmaýarmyşyn?! Beýle öýi äsgermezçilik edýän bolsaň, beräý sen öz öýüňi [oňa]. Näme sebäpden beýle döwletiň tarapyny çalýayňyz? Biz haçana çenli daşary ýurtlarda sergezdan bolup gezmeli?” diýen soragy orta atypdyr.

Aziz Döwletow atly okyjymyz Adalaty utandyrmaga synanyşan Asli Hatamowa jogap edip: “Asli Hatamowa, agzyňdan çykýany gulagyň eşidýärmi? Öýsüzlik mesele dälmi? Hawa, “däldir”, ýurduň rysgalyny sowrup oturan üçin däldir” diýip, öz pikirini aýdypdyr.

Azatlyk Radiosynyň Nuriddin Durdyýew atly diňleýjisi bolsa, Adalatyň gününe düşen başga-da adamlaryň bardygyny nygtap: “Wah, meniň garamaňlaý ildeşlerim. Aňry gitse 4 millionlyk halkyň adamlary 80 millionlyk başga bir ýurtda sergezdan gezmeli bolýalar. Özüňiz netije çykaryň...” sözlemini köp nokat bilen jemläpdir.

Türkmenistanda ençeme ýyl žurnalistika bilen meşgullanandygyny aýdýan türkiýeli Ýaşar Arslan Türkmenistanda wideodaky ýaly mysallaryň juda köpdügini belläp: “Gaty görmäň, ýöne bular ýaly mysallaryň “sanasaň sogaby bar”. Hamala, hiç zatdan habarsyz ýaly bolup gürlemäliň. Wideodaky zenan iş tapjak bolup häkimlige ýüzlensin, $500 ýa $1000 ber-de, işe başlaber diýerler. Bagrymy paralap aýdýaryn, Türkmenistan başdan-aýak parahorluga batdy” diýip ýazypdyr.

Garaz, ýüzden hem aşa teswirde Adalatyň düşen gününe duýgudaşlyk bildirilip, onuň bu ýagdaýyna hökümet resmileriniň göz ýummagy ýazgarylýar.

Şol bir wagtda Zarif Çaryýew atly okyjymyz: “Goýuň öwüt-ündewiňizi we deňeşdirmeleriňizi. Eliňizden gelse, kömek ediň, boş gürlemäň” diýen pikiri orta atypdyr.

Ahmet Eraslan atly türk okyjymyz muny goldap: “Dostlar, kim bolsa-bolsun, ilkinji nobatda adam bolmagy zerur. Özümizi elimizde saklalyň-da, bu biçärelere kömek etmegiň ýollaryny gözläliň. Eger-de ýörite kampaniýa başladyp bilsek, men ilkinjileriň biri bolup oňa goşulardym” diýip, öz niýetini aýan edipdir.

Başga bir türk okyjymyz Ibrahim Alan: “Gerek bolsa, Türkiýeden hemaýat toplap ýollamaly. Men ol ýerde [Türkmenistanda] on ýyl boldum, içinden olaryň dadyna ýetişjek bolmaz” diýip ýazypdyr.

Umuman, Azatlyk Radiosynyň sosial ulgamlaryna gelen ýüzlerçe teswirde Adalatyň häzirki ýagdaýyna duýgudaşlyk, gynanç bildirilýär we oňa Hudaýdan ýardam islenilýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG