Sepleriň elýeterliligi

Medwedew: ABŞ bilen gatnaşyk kadaly däl


Orsýetiň premýer-ministri D.Medwedew CNBC telekanalynyň žurnalisti Geoff Cutmore bilen, Moskwa, 14-nji oktýabr

Orsýetiň premýer-ministri D.Medwedew CNBC telekanalynyň žurnalisti Geoff Cutmore bilen, Moskwa, 14-nji oktýabr

Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew amerikan telekanalyna öz ýurduna garşy sanksiýalar güýjünde galýarka, ABŞ bilen Orsýetiň arasyndaky gatnaşyklaryň täzeden “ugrukdyrylmagynyň” “düýpden mümkin däldigini” aýtdy.

“Elbetde ýok. Bu düýpden mümkin däl” diýip, Medwedew CNBC telekanaly bilen interwýusynyň dowamynda ABŞ-nyň sanksiýalary dowam edýärkä gatnaşyklaryň dikeldilmegi mümkinmi diýlip, özüne berlen sowala jogap berdi.

Orsýetiň hökümetiniň websaýtynda 15-nji oktýabrda çap görnüşinde ýerleşdirilen bu söhbetdeşlikde Medwedew ABŞ-nyň sanksiýalarynyň “destruktiw”, ýagny weýran edijidigini aýtdy.

ABŞ Orsýetiň mart aýynda Krymy anneksiýa etmegi we gündogar Ukrainadaky konfliktdäki roly üçin temmi bermek maksady bilen onuň garşysyna sanksiýalaryň birnäçe tapgyryny girizdi. Kiýew we NATO Moskwanyň gündogar Ukrainadaky orsýetçi separatistlere kömek bermek bilen harbylaryny we ýaraglaryny iberendigini aýdýarlar.

Orsýet konflikte özüniň gatnaşygynyň bardygyny ret edýär.

Geçmişdäki tejribe

Orsýet bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklary täzeden “ugrukdyrmak” prosedurasy birinji gezek prezident Barak Obamanyň ilkinji prezidentlik möhletiniň dowamynda bu gatnaşyklary gowulandyrmak üçin amala aşyryldy. Mundan öň ABŞ-nyň Orsýet bilen gatnaşyklary, Moskwanyň 2008-nji ýylda postsowet Gürjüstanda alyp baran urşunyň netijesinde ýaramazlaşypdy.

Obama we şol döwürde Orsýetiň prezidenti bolan Medwedew 2010-njy ýylda ýadro ýaraglaryna gözegçilik boýunça ylalaşyga gol çekipdiler, emma gatnaşyklaryň täzeden “ugrukdyrylmagy” Putiniň 2012-nji ýylda prezidentlik wezipesine dolanmak planlaryny açyk yglan etmegi bilen bagly adam hukuklary, howpsuzlyk we beýleki meseleler boýunça özara çekeleşikler döwrüne gabat geldi.

Ukrainadaky konfliktiň dowamynda Amerika bilen Orsýetiň arasyndaky gatnaşyklar ýene-de Sowuk uruşdan soňky derejä çenli pese düşdi.

Obamanyň çykyşyna tankyt

Prezident bolan döwründe Obama bilen gatnaşyklaryny gowulandyran Medwedew CNBC telekanalyna beren interwýusynda ABŞ-nyň prezidentiniň geçen aýda BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşyny tankyt etdi.

Medwedewiň sözlerine görä, Obama Orsýeti adamzada wehim salýan iň uly üç howpuň hatarynda birinji ýerde goýup, ony Ebola wirusyndan soň we “Yslam döwletinden” öň agzapdyr.

Muňa garamazdan, Orsýet hiç kim üçin “öz gapylaryny” ýapmaýar diýip Medwedew aýtdy we munuň üçin ABŞ-nyň jogapkärçilik çekmelidigini belledi.

Obama 24-nji sentýabrda eden çykyşynda Orsýetiň Krymy anneksiýa etmegi “uly ýurtlaryň öz territoriýalaryny giňeltmek maksady bilen kiçi halklary basyp alan” döwrüni ýada salýar diýdi we ABŞ-nyň “Orsýete agressiýasynyň bahasyny görkezjegini” wada berdi.

Şeýle-de Obama ok atyşygyň bes edilmeginiň parahatçylyga getirjegine umyt baglady we eger Orsýet öz hereketlerini üýtgetse, ABŞ-nyň sanksiýalary ýatyryp biljekdigini aýtdy.

Medwedew amerikan telekanalyna beren interwýusynda Putiniň ýakynda gündogar Ukrainadaky konflikt zonasyna ýakyn serhetýaka ýerde Orsýetiň goşunlaryny ýerleşdirmek barada beren görkezmesiniň diňe içerki meseledigini we oňa Waşingtona signal hökmünde seredilmeli däldigini belledi.

XS
SM
MD
LG