Sepleriň elýeterliligi

Russiýa goranyşa rekord derejesinde çykdajy edýär


2015-nji ýylda Russiýa ýurduň goranmak pudagynyň çykdajylary üçin döwlet býujetinden 3,3 trillion rubl, ýagny takmynan 80 milliard amerikan dollary möçberinde pul aýyrýar. Bu barada Russiýanyň Döwlet Dumasynyň goranmak komitetiniň başlygy habar berýär. Bu rus parlamentiniň aşaky öýüdir.

16-njy oktýabrda Russiýanyň “Interfax” habar gullugyna beren maglumatynda Wladimir Komoýedow öňümizdäki ýyl ýurduň goranmak pudagy üçin ediljek çykdajylar şu ýylkydan takmynan 20 milliard amerikan dollary möçberinde köp bolar diýdi. Ýöne ol 2016-2017-nji ýyllarda bu çykdajylaryň uly bolmadyk möçberde kemeldilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Şeýle-de, Komoýedow 2015-nji ýylda goranmak pudagy üçin ediljek çykdajylaryň Russiýanyň Umumy içerki önüminiň (GDP) 4,2%-ne barabardygyny belledi.

7-nji oktýabrda maliýe ministri Anton Siluanow Russiýanyň Ukrainadaky hereketleri sebäpli Moskwa garşy girizilen sanksiýalary nazara alanymyzda ýurduň goranmak pudagy üçin ediljek çykdajylaryň planynyň “has realistik” bolmagy zerurdyr diýdi.

XS
SM
MD
LG