Sepleriň elýeterliligi

Öňki gazak resmisi höküm edildi


Gazagystanda öňki oba-hojalyk ministriniň orunbasary Muslim Omiraýew korrupsiýa aýyplamalary bilen 10 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

16-njy oktýabrda Astananyň sudy Omiraýewiň işewürden 100 müň amerikan dollary möçberinde para kabul edendigi hakynda karar çykardy we ony 10 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Geçen ýylyň dekabr aýynda tussag edilen Omiraýew özüniň günäsizdigini aýdýar.

Mundan öň Gazagystanyň oba-hojalyk ministri Asylžan Mamytbekow özüniň öňki orunbasary günäli tapylsa, wezipesinden çekiljekdigini aýdypdy.

Soňky iki ýylyň dowamynda para-peşgeş aýyplamalary bilen şübhelenilip, birnäçe gazak resmisi sud derňewleri bilen ýüzbe-ýüz boldy. Olaryň käbirleri uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edildi.

XS
SM
MD
LG