Sepleriň elýeterliligi

"Nurjularyň" şübheli agzalary sud edildi


Russiýanyň Perm şäherinde gadagan edilen yslam hereketiniň alty şübheli agzasy sud edilýär. Russiýanyň ýerli ýolbaşçylary tussag edilenleriň “Nurjular” atly guramany agzasydygyny habar berýärler.

Maý aýynda Ural daglarynyň golaýyndaky Perm şäherinde, Sank Peterburgda we ýurduň günbataryndaky Rostow na Donu şäherinde “Nurjular” atly toparyň agzasy diýlip aýdylýan ýedi adam tussag edilipdi.

“Nurjular” topary türkiýeli yslam ruhanysy Said Nursi tarapyndan döredilipdi. Ol 1960-njy ýylda aradan çykypdy.

Bu topar 2008-nji ýyldan bäri Russiýada gadagan edilendir.

Rus resmileriniň berýän maglumatyna görä, bu topar türki dilli halklaryň ýerleşýän territoriýasynda Yslam döwletini döretmek pikirini ýaýradýar.

XS
SM
MD
LG