Sepleriň elýeterliligi

Leung talyplara gepleşikleri geçirmegi teklip edýär


Gong Kongyň lideri Leung Çun-ýing (Leung Chun-ying) birnäçe hepde bäri dowam edýän protestler barada maslahat etmek üçin talyp ýaşlarynyň lideri bilen duşuşmagy ýene bir gezek teklip etdi.

16-njy oktýabrda Leung habarçylara beren maglumatynda gepleşikleri geçirmek baradaky teklibini üçünji şahslaryň üsti bilen talyplara aýdandygyny mälim etdi.

Leungyň talyplar bilen duşuşmak baradaky bu täze teklibi 15-nji oktýabrda ýurduň polisiýasynyň protestçini urup-ýençýändigi baradaky wideo ýazgy internetde giňden ýaýransoň, amala aşdy.

Bu wideo ýazga gaýtawul hökmünde 15-nji oktýabr agşamy Gong Kongyň merkezindäki protestçileriň sany ozalkysyndan ep-esli artdy.

Aglabasy talyp ýaşlaryndan ybarat protestçiler Gong Kongda geçiriljek ilkinji göni saýlawlar üçin kandidatlary seçip-saýlamak baradaky Hytaýyň planlaryna gahar-gazap bildirýärler. Gürrüňi gidýän saýlawlar 2017-nji ýylda geçiriler.

XS
SM
MD
LG