Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aliýew, Rahmon ylalaşyga gol goýdy


Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon we onuň azeri kärdeşi Ylham Aliýew täjik paýtagty Duşenbede ylalaşyga gol goýdular. Bu ylalaşyk Täjigistanyň we Azerbaýjanyň garaşsyzlygyna we territorial bitewüligine garşy abanjak howpa garşy bilelikde we aýry-aýrylykda göreşmek tagallalaryna goldaw berýär.

16-njy oktýabrda gol goýlan ylalaşykda “halkara derejesinde ykrar edilen araçäkleriň üýtgedilmegine ýol berilmezlik” barada aýratyn bellenilýär.

Şol bir wagtyň özünde resminamada “Daglyk-Garabag sebiti bilen baglanyşykly Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky konfliktiň parahatçylykly çözülmeginiň gaýragoýulmasyz zerurlygy” barada nygtalýar. Azerbaýjan Daglyk-Garabag sebitiniň öz territoriýasyna degişlidigini aýdýar, emma ol häzirki wagt Ermenistanyň tarapdary güýçler tarapyndan baslyp alynandyr.

Şeýle-de, iki prezident ykdysadyýet, söwda, transport we harby pudaklary boýunça özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny mälim etdi.

Aliýew Täjigistana edýän üç günlük resmi saparyna 15-nji oktýabrda başlady.

XS
SM
MD
LG