Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama: “Ebola’ garşy has berk göreşeris


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama ýurtda “Ebola” wirusyna garşy has berk göreşmäge wada berdi. Obama bu barada hökümet bilen iki sagat dowam eden ýygnagyndan soň, 15-nji oktýabrda mälim etdi.

Şeýle-de, Obama “Ebola” wirusyny maslahat etmek we bu krizise garşy halkara derejesinde göreşmäge zururlygyň bardygyny nygtamak üçin 15-nji oktýabrda Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň we Italiýanyň liderleri bilen wideoşekilli maslahat geçirdi.

Birleşen Ştatlaryň Dallas şäherinde “Ebola” wirusy ýokaşan ikinji şepagat uýasy hasaba alyndy. Bu şepagat uýasy “Ebola” wirusy ýokaşan näsaga saglyk bejergilerini amala aşyrypdy.

XS
SM
MD
LG