Sepleriň elýeterliligi

Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyradyň goşgusy.

Saralan ot – ýeriň çalaran saçy.
Ony ne syrýalar, ne bir gyrkýalar.
Ýeriň ýüzün örtüp barýan asfalty
Görýänler ir-u-giç biçäre Zemin
Sakar bolup galar öýdüp gorkýalar.

Geçirimliligi, çydamlylygy
Gadymylar gara ýere deňäpdir.
Geçmişine ýumruk salgan adama
Gelejek ýumruk däl, tüpeň çenäpdir.

Bir-birinden elhenç ýarag ýasanlar
Ýer nämemiş – ony çepbe çöwrüpdir!
Garaw görmän – dil-agyzsyz Zemini
Aýak basmaz çarkandaga öwrüpdir.

Dag maraly kimin ýarasyn ýalap,
Gara ýer ýene-de ynsany eklän.
Topragy torç eden goşunlar ýene
Parahat durmuşy bir gyra oklan.

Nally ädiklerden bez bolan toprak
Ýarag şakyrdasa tisginip gidýä.
Ýene saçaklary dolduryp nandan
Dirilere hödür-keremin edýä.

Täk bir ýagdaý begendirýä topragy:
Süýnen wagty aýlawdaky bedewler…
Ynsan bek bellese, uýsa bir zada –
Ok degen daragtlar bilinden döwler.

XS
SM
MD
LG