Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Ýollarymyz sebäpli ulaglar bozulýar”


"Ýollarymyz ýaramaz"
"Ýollarymyz ýaramaz"

Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynyň Hakykat daýhan birleşiginde ýollaryň ýaramazdygyny, käbir ýaşaýjylar aýdýarlar. Adynyň efirde agzalmazlygyny haýyş eden ýerli ýajaýjy öz ýaşaýan Hakykat daýhan birleşiginde ýollaryň ýaramazlygy sebäpli, käbir ýollara giren awtoulaglaryň yzyna çykyp hem bilmeýändigini aýdýar.

Bu raýatyň gozgan bu meselesi barada degişli resmileriň pikirini we garaýşyny almak üçin Azatlyk Radiosy Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrap häkimligi bilen ýörite habarlaşdy. Häkimlik, hususanda Gurbansoltan eje etabynyň häkiminiň orunbasary Begdurdy Orazdurdyýewiç öz gözegçilik edýän etrabyna degişli bir raýatyň gozgan anyk meselesi dogrusynda islendik bir maglumat ýa-da kommentariý bermekden saklandy.

Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynyň Hakykat daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy bilen Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligi aşakdaky düwmä basyp diňläp bilersiňiz.

please wait

No media source currently available

0:00 0:03:20 0:00
Ýükle

XS
SM
MD
LG